Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe guramalary boýunça orunbasary, 51 ýaşyndaky Bäşimmyrat Hojamämmedow saglyk ýagdaýy sebäpli işden boşadyldy.
Aşgabadyň bazarlarynda we dükanlarynda satylýan etiň bahasy döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanyp, onuň 17 manat 80 teňňeden satylýandygy harydyň alnynda ýazylyp goýulýar.
Gyrgyzystanyň Ýokary sudy tussaglykdaky oppozision syýasatçy Omurbek Tekebaýewiň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrylmagyny sorap, onuň tarapdarlarynyň toplan müňlerçe golunyň Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan ret edilmegini makullady
“Olary diri görkeziň” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilenler babatda gyssagly çäre görmäge çagyrdy.
Türkmen mediasy pagtaçylygyň ýurtda “önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna ilkinji derejede ähmiýet berilýän strategik oba hojalyk ekinleriniň biridigini” belleýär.
29-njy awgustda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro inspektorlarynyň Tähranyň harby bazalaryna baryp görmegi barada Birleşen Ştatlaryň eden talabyny ret etdi. Eýranyň käbir beýleki resmileri bolsa, bu pikiri “arzuw” diýip häsiýetlendirdiler.
Türkmenistandan Pars aýlagynyň üstünden çalyşmak üçin ýüklenen ilkinji nebit ýüki demirgazyk Eýranyň Neka portundan Sari-Reý geçirijisi arkaly Tähranyň nebit işläp bejerýän zawodyna akdyrylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we onda harbyhem hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriniň netijelerine we Aziýa oýunlary döwründe Aşgabatda howpsuzlygy üpjün etmek meselesine seredildi.
Hindistanyň ýokary kazyýeti musulmanlaryň "üç talak" diýip atlandyrylýan nikany bozmak usulyny gadagan edipdir.
Aşgabadyň köçelerinde soňky iki-üç hepdäniň dowamynda täze awtobuslar, täze taksiler ýolagçylara hyzmat edip başlasa-da, olarda sowadyjylaryň işlemeýändigini aýdýarlar.
2015-nji ýylda, şeýle hem 2016-njy ýylyň başlarynda Trampyň prezidentlik ugrunda kampaniýa alyp barýan mahaly onuň guramasy Moskwada Tramp Diňini gurmak barada gepleşik geçiripdir. Muny kongresiň derňewçilerine beren hasabatynda paş eden, Amerikan mediasynyň habar bermegine görä, Trampyň adwokaty.
Britaniýanyň primýer-ministri Tereza Maý Britaniýanyň mejlisiniň ýanyndaky sagadyň 4 ýyllap togtadylmagynyň gelşikli bolmajagyny aýdýar.
Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Begenç Gündogdyýewiň harby derejesiniň peseldilmegi geçen aýda “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň saklanmagy bilen bagly diýlip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýärler.
Rus prezidenti Wladimir Putin dzýuda ýaryşy, şeýle hem premýer-ministr Wiktor Orban bilen gepleşik geçirmek üçin 28-nji awgustda Wengriýa gelýär.
Türkmenistanyň döwlet mediasy Aşgabatda täze üç mekdebiň açylyş dabarasyna taýýarlyklaryň görülýändigini mälim eden mahaly, şäherde mundan birnäçe aý öň açylan çagalar bagynyň henizem ulanyşa berilmeýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň pagtaçylaryna “ak pata” berip, olaryň bu ýyl uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna “berk ynam” bildirdi.
Ýene-de ýükle