Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda şenbe güni “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal döredildi. Ýöne onuň haýsy ýagdaýlarda, nähili hyzmat bitiren raýatlara beriljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň pagtaçylaryna “ak pata” berip, olaryň bu ýyl uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna “berk ynam” bildirdi.
Janyna kast edilip öldürilen orsýetli syýasatçy Boris Nemtsowyň hatyrasyna dikeldilen wagtlaýyn ýadygärligiň goragyndaka, üstüne edilen hüjümden hukuk goraýjy aktiwist hassahanada aradan çykdy diýip, aktiwistiň dostlary aýdýar.
Aşgabadyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda azyk önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň bahalary ýokarlanmagy dowam edýär.
Türkmenistanda dilden berlen görkezme esasynda Aziada geçýänçä alkogolly içgileriň söwdasynyň gadagan edilmegi bir hepde içinde arak-şerap önümleriniň “gara bazarynyň” döräp başlamagyna, içgileriň bahasynyň kesgin gymmatlamagyna getirdi.
Aşgabatly adam hukuklaryny goraýjy Nataliýa Şabunts özüniň ýene-de basyşa sezewar bolandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň ýokary hem ýörite okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň kynçylyklarynyň artýandygy barada maglumatlar gowuşýar.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Orsýeti “halkara serhetlerini güýç bilen gaýtadan çekmäge” çalyşmakda aýyplady we Waşington Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini “kabul etmez” diýdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýan Ýerewanda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine Eýranyň Siriýadaky barha güýjeýän gatnaşygynyň “Ysraýyla, Ýakyn Gündogara we tutuş dünýä wehim salýandygyny” aýtdy.
21-nji awgustdan başlap Aşgabadyň protokol köçeleriniň köp böleginiň ýapylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri 1-nji sentýabrdan başlap Aşgabatdaky awtoulag hereketlerini kesgin çäklendirmegi planlaşdyrýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýun aýyndan bäri ikinji gezek dikuçar sürüp, Aşgabatda we Ahal ýaýlasynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenstanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Aşgabatda hüjüme sezewar edildi.
Ýakyn geljekde robot hekimler adamlary saglyk barlagyndan geçirer diýip, "Telegraf" neşiri ýazýar. Britaniýanyň "Babylon Health" firmasy Londonyň birnäçe etrabyny öz içine alýan synag işlerine başlapdyr.
Orsýetiň ýurtdaky amerikan wekilhanalarynyň işgärleriniň sanyny çäklendirmek boýunça gören çäresi bilen baglylykda, 23-nji awgustda Birleşen Ştatlar Orsýetdäki wekilhanalarynyň “immigrasiýa üçin bolmadyk wizalara degişli ähli operasiýalarynyň” togtadylýandygyny habar berdi.
Aşgabatda spirtli içgileriniň gadagan edilmegi iş ýüzüinde näderejede ýerine ýetirilýär?
19-njy awgustdan başlap, Aşgabadyň we Aşgabadyň golaýyndaky Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigne degişli Abadan çakyr kärhanasynyň işiniň togtadylandygyny ýerli çeşmeler habar berýärler.
Türkmen häkimiýetleri geljek aýda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňünden Aşgabatda spirtli içgileriň satylmagyny gadagan etdiler.
Türkmenistanda ýaş kadrlary işe ýerleşdirmek boýunça ýörite topar döredildi we geljekde ýaş kadrlara, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklary ýa-da satyn almaklary üçin, ýeňillikli bank karzlaryny almak mümkinçiligini döretmek nazarda tutulýar.
Ýene-de ýükle