Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
17-nji awgustda Orsýet bilen Hytaý, Waşigton – Phenýan arasynda möwjeýän haýbatlar “yza gaýdyp bolmajak derejä” baryp ýeter diýip, Birleşen Ştatlaryny Demirgazyk Koreýa garşy harby çäre görmezlige çagyrdylar.
Türkmenistanda ilata berilýän mugt suwa indi çäklendirmeler girizilip, ýaşaýjylardan öz öýlerinde suw kranlaryna ölçeýji gurallary oturtmaklyk talap edilýär.
"Dragon Oil" we "ENOC" kompaniýalary türkmen çig nebitini Eýrana getirmeklerini togtatdylar diýip, “georgiatoday.ge” neşiri habar berýär.
Britaniýanyň metbugatynyň ýazmagyna görä, ABŞ-yň Merkezi federal aňtaw gullugy bolan FBI-niň wezipesinden boşadylan owalky başlygy Jeýms Komeý (James Comey) bahasy 2 million dollara barabar bolan kitap şertnamasyna gol çekipdir.
Türkmenistan şu gün, 17-nji awgustda Gawun baýramyny belleýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Akmyrat Rejebow türkmen türmesinde aradan çykdy.
Aşgabat şäheriniň köp gatly jaýlaryndan, split sistemaly kondisionerleri aýyrmaklyk täzeden başlandy. Wyşkaly maşynlar bilen jaýlaryň daşyndan gelip, öý eýesiniň öýde bar ýa-da ýokdygyna garamazdan split sistemaly kondisionerleriň aýrylýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýewe käýinç yglan edildi.
Türkmenistanda harby we kanun goraýjy gulluklaryň güýçlendirilen iş tertibi, şeýle-de serhetiň ýapyljagy we wiza düzgünleriniň çäklendiriljegi yglan edildi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowDöwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde ýene korrupsiýa garşy göreşe ünsi çekdi, emma synçylar bu kampaniýanyň adalatly alnyp barylmaýandygyny aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Wirginia ştatynda ak jynsparazlyga garşy demonstrasiýa geçiren zenanyň ölümi sebäpli tutaşan protestleriň dowam edýän wagtynda, 14-nji awgustda eden çykyşynda jynsparazlygy berk ýazgardy.
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda we bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.
Britaniýanyň esasy milli telekanallarynyň birinde 6-njy awgustda görkezilen “Diana: Öz sözleri bilen” atly dokumental film ýurtda diýseň uly seslenme döretdi.
Aşgabatdaky banklaryň ählisi, haçan bolsa-da bir wagt öz bank hasaplaryndan “Yandex money”, “PayPal”, “web money” we “wire transfer” ýaly hyzmat gulluklaryna pul serişdesini geçiren fiziki şahslaryň türkmen manadyny amerikan dollaryna konwertasiýa etmek baradaky arzalaryny kabul etmegi bes etdi diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi habar berýär.
Häkimlikleriň soňky çykaran kararyna görä, Aşgabat şäherinde çagalykdan serebral ysmaz bolan maýyplaryň awtoulag sürmeli däldigi barada aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň Ýolbaşçylar ştabynyň başlygy Günorta Koreýanyň prezidentine, Demirgazyk Koreýa garşy ABŞ-nyň harby mümkinçiliklerini dolulygyna ulanmaga taýýardygyny aýtdy diýip, ştabyň metbugat wekili habar berdi.
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda ýerli ymam-mollalar üçin sakgal kadasy ýola goýlupdyr. Etrap dolandyrylşygy, ymam-mollalaryň diňe 3 santimetre çenli sakgal ösdürmegini maslahat berýär.
TDH döwlet habar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aga hakynda ýene bir kitap ýazandygyny habar berýär.
ABŞ-nyň federal sülçüleri Şarlotswilde akýagyz milletçileriň we aşa sagçy aktiwistleriň gapma-garşylykly protestçiler bilen bolan ýygnanyşygy mahalynda mähelläniň üstünden maşyn sürülmegine getiren sebäpleri anyklamak üçin graždan hukugy derňewni açandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanyň baş prokurorynyň orunbasary Şamyrat Garaýew, “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin” diýlip, wezipesinden boşadyldy.
Ýene-de ýükle