Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy.
"Google" internet sahypasyndan iş gözleýänlere kömek bermek üçin, gözleg tenijelerine täze aýratynlyklar goşupdyr.
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Halleý guramanyň Howpsuzlyk geňeşini Eýrana garşy herekete geçmezlikde tankytlady. Ilçi Eýranyň özüne garşy girizilen sanksiýalary “bilkastlaýyn öwran-öwran bozandygyny” aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bu ýyl, alty onlugy doldurandygyna garamazdan, öňki ýyllardan tapawutlylykda, uly dabara tutulmazdan bellendi.
29-njy iýunda NATO-nyň düzümine girýän 29 ýurduň goranmak ministrleri Owganystan boýunça howpsuzlyk çykdajylaryny artdyrmak we owgan hökümetiniň “Talybana” garşy göreşine ýardam bermek üçin, has köp harby ýollamagy maslahatlaşmak maksady bilen Brýusselde duşuşýarlar.
Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşynyň toýy toýlanýar. Prezident Wladimir Putin bu toýa gabat türkmen kärdeşini Orsýetiň Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady.
Türkmenistanyň hökümeti adam gaçakçylygynyň öňüni almak boýunça kabul edilen iň minimal standartlary-da doly berjaý etmezlik bilen birlikde, bu ugurda nähilidir bir göze ilerlik tagalla hem etmeýär diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.
Eýran ABŞ-ny Siriýa boýunça “howply dartgynlylygy” tutaşdyrmakda aýyplaýar. Waşington prezident Başar al Asadyň ýene-de bir himiki hüjüme taýýarlanýan bolmagynyň ahmaldygyny aýdyp, eger-de muny amala aşyrsa Asada “berk gaýtargy” beriljekdigini duýdurypdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji iýunda bank ulgamy boýunça wideoşekilli iş maslahatyny geçirende, soňky ýyllarda Türkmenistanda manadyň satyn alyş ukybynyň durnuklylygynyň üpjün edilendigini öňe sürdi.
Russiýanyň howpsuzlyk gullugy "FSB" aprel aýynda ýurduň Sankt-Peterburg şäherinde 15 adamyň ölmegine sebäp bolan janyndan geçen hüjümçiniň "Telegram" atly mobil sosial ulgamdan peýdalanandygyny aýdýar.
Ak tam amerikan prezidenti Donald Tramp bilen Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Pakistany “beýleki ýurtlara garşy terroristik hüjümler üçin öz territoriýasyndan peýdalanylmagyna” ýol bermezlige çagyrandyklaryny aýdýar.
Eýranyň ruhany ýolbaşçylary "Zumba tansy bilen meşgullanylan mahaly Latyn Amerika sazyna ýanbaşyny çaýkap, bilini towlap tans edýänlere" duýduryş berilmegini tabşyrypdyr.
ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasynyň milli komitetiniň kärendeçisi bolan bir marketing firmasy säwlik bilen takmynan 200 million ABŞ-yň raýatynyň iň gizlin şahsy maglumatlaryny ýaýradypdyr.
Birleşen Ştatlaryň hemaýatynda, Yrak güýçleriniň Mosul şäheriniň gadymy böleginde, Yslam döwletiniň ýarym harbylarynyň kontrollygyndaky iň soňky böleklere tarap ilerlemegi bilen sekiz aý bäri dowam edýän söweşiň aýgytlaýjy nokady ýakynlana meňzeýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli resmisi Katar bilen onuň Aýlak goňşularynyň arasyndaky dawany soňlamagy nazarlaýan islendik şertnama Birleşen Ştatlardan we Ýewropa Bileleşiginden bolan gözegçileriň “kepillendirmesi” gerek bolar diýdi.
Türkmenistanda ýakyn wagtda täze öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmek planlaşdyrylýar.
Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gelen myhmanlara Aşgabady we beýleki ýerleri görkezmek üçin dikuçarly syýahatçylyk hyzmatlaryny gurnamagy teklip edýär.
Ýene-de ýükle