Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Eýranda zenanlary jemgyýetde ýekirýän kanunlar we syýasat olaryň iş tapmagyny bökdeýär. Bu barada adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch guramasynyň 25-nji maýda çap eden hasabynda aýdylýar.
Günbataryň mediasynda ýaýran habarlara görä, "Microsoft" firmasy ýörite islegi göz öňünde tutup, Hytaý hökümeti üçin, Windows 10 programmasynyň tapawutly görnüşini taýýarlapdyr.
Britan häkimiýetleri hüjümçiler London köprüsinde pyýadalaryň üstünden awtoulag sürenlerinde we soň golaýdaky restoranlaryň eýelerini pyçaklanlarynda ýedi adamyň öldürilendigini, 30-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň habar serişdelerine, has anygy olaryň ýaýradylýan başgaça pikir-garaýyşlaryň türkmen raýatlaryna elýeterli bolmagyna garşy alyp barýan göreşlerini dowam etdirýärler.
“Talyban” 2-nji iýunda, eger owgan hökümeti şu hepde Kabulda bolan weýrançylykly ýük ulag partlamasynyň aryny almak üçin “Talyban” tussaglaryny jezalandyryp öldürse, öç aljagyny aýdyp haýbat atanyndan soň, jeňçi toparyň bendilikde saklanýan günbatarly zamunlary babatdaky gorky-howatyr ýokarlandy.
Türkmensitanda “Korrupsiýa we parahorluga garşy göreş hakyndaky kanun” esasynda “Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet gullugy” döredildi we nobatdaky kadr çalşygy geçirildi.
ABŞ-nyň ýaranlary we garşydaşlary prezident Donald Trampyň 1-nji iýunda 2015-nji ýylyň Pariž klimat şertnamasyndan çykmak baradaky kararyny ýazgardylar we bu ylalaşyk barada gaýtadan gepleşmek teklibini ret etdiler.
Britaniýaly žurnalist Jonatan Wells öz makalasynda, daşary ýurt dilini öwrenmek barasynda iň ýalta halk bolan iňlisleriň alnyndan, geljekde bolup biljek bir kynçylykly ýagdaýyň çykandygyny belleýär.
Kabulda esasan diplomatlaryň ýaşaýan mähellesinde azyndan 90 admyň başyna ýetip, 400-den agdyk adamyň hem ýaralanmagyna getiren güýçli partlamanyň üstünden bir gün geçendigine garamazdan orta çykyp, onuň jogapkärçiligini öz üstüne alan topar entek ýok.
Şu günki gün dünýäde azyndan 700 million çaga çagalykdan mahrum edilýär
Moskwanyň sudy Kreml bilen ilteşikli oligarh Alişer Usmanowyň oppozision syýasatçy we korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnyý baradaky töhmetçilikli şikaýaty boýunça onuň peýdasyna karar çykardy.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň telekeçileri öz şertnamalaryny Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba aldyrmaga mejbur edýändigini habar berýär.
Saturny barlaýan "Cassini" kosmos enjamynyň NASA-nyň alymlaryna iberen maglumatlarynda, ol planetanyň hemralarynyň biri bolan Enseladyň buz gatlagynyň aşagynda bolýan himiki reaksiýalaryň ýaşaýyş üçin şert döredip biljekdigini görkezýär.
Owgan paýtagty Kabulyň merkezinde bolan güýçli partlamada azyndan 80 adam öldi, 350 adam bolsa ýaralandy diýip, Saglyk ministrliginiň resmisi 31-nji maýda aýtdy
Bütindünýä saglyk guramasynyň aýtmagyna görä, temmäki ýetişdirmek daşky gurşawa “agyr zyýan” ýetirýär. Onuň ýetişdirilmegi üçin himikatlar, energiýa, suw sarp ediýär, şeýle hem öndürilmegi we ýerleşdirilmegi howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar.
Türkmenistan maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Haly baýramyny belledi, 16 sany halyça halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly at dakyldy.
Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek boýunça teklipleri seljermek maksady bilen pudagara topar döredildi.
Häzir şol ‘agentlerden’ biri aradan çykypdyr. Ýöne, James Bond ebedidir...
"Kämahal bir aýdym adamy durşy bilen jadylap, özüne bendi edýär. Soň ol adamyň aňynda ýaňlanyp, gaýtalanyp durýar. Emma aradan belli wagt geçensoň, hamala, ýüregiňe jüňk bolan iň gowy aýdym däl ýaly duýulmaga başlaýar".
Türkmenistanda öňki türkmen-türk mekdeplerinde okan we okadan adamlaryň, şeýle-de Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okanlaryň tussag edilmegi dowam etdirilýär.
Ýene-de ýükle