Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistan daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünärmentlik okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek boýunça täze tertibini kesgitledi diýip, ýurduň döwlet mediasy 28-nji maýda habar berdi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 29-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Parižiň etegindäki Wersal köşgünde kabul edende “talap ediji” boljakdygyny aýtdy.
"WannaCry" (WannaCrypt) wirusy 150 ýurtda 200 müňden köp "Windows" kompýuterini petikledi. Zyýan çekenleriň arasynda Russiýanyň daşary işler ministrligi, Britaniýanyň keselhanalary, Britaniýanyň milli saglygy saklaýyş gullugy, Ispaniýanyň iň uly mobil aragatnaşyk operatory, ABŞ-da ýerleşýän "FedEx" ýük daşaýan firmasy, Fransiýanyň awtoulag öndürýän "Renault" firmasy we başga-da dünýäniň köp sanly guramadyr edarasy bar.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Saud Arabystanynyň liderlerini Birleşen Ştatlar bilen ýaranlyk guranlary üçin “samsyklar” we “dereksizler” diýip atlandyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde iýun aýynda geçiriljek çäreler barada habar berildi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giýewisi Waşingtondaky rus ilçisi bilen saýlawdan soň bolan duşuşyk mahalynda Trampyň topary bilen Kremliň arasynda gizlin aragatnaşyk kanalyny gurmagy teklip etdi diýip, media 26-njy maýda habar berdi.
Ýokary derejeli amerikan resmisi Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Moskwanyň Ukrainanyň içerki işlerine garyşmagy netijesinde, Obama administrasiýasy tarapyndan Orsýete garşy girizilen sanksiýalara “garaýandygyny”, ýöne bu sanksiýalaryň öz güýjünde galmagy barada entek belli bir pozisiýasynyň ýokdugyny aýtdy.
Orsýet Türkmenistanyň GDA-nyň parlamentara assambleýasynyň doly bahaly gatnaşyjysy bolmagyna gyzyklanýar.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg ýaranlygyň agzalary 25-nji maýda NATO-nyň “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy halkara koalisiýa gatnaşmagy babatda ylalaşyga gelmeli diýýär.
Özbek prezidentiniň Türkmenistana ýakynda eden saparynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen birlikde, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektiniň üstünde durlup geçildi.
“Mekan” köşgünde “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” ady bilen maslahat geçirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy yglan eden ählihalk göreşiniň tutuş jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygy bildirildi.
"Pew" barlag merkeziniň soňky hasabatyna görä, Sowet Soýuzy wagtynda, ateizmiň ýaýrawly bolan Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda din indi şahsy we milli endikleriň başyny çekmäge başlapdyr. Käbir ýurtlarda bu iki garaýşyň utgaşmagyna öwrülipdir.
Norwegiýanyň alymlary rak keseline garşy täze sanjym oýlap tapypdyrlar. Alymlar ylmy-barlaga 2013-nji ýylda başlapdyrlar. Berlen maglumata görä, ol immun ulgamynyň simulýasiýasyndan peýdalanyp, keselden halas edýän terapewtik bir sanjymdyr.
Britan häkimiýetleri Mançesterdäki konserte edilen we 22 adamy, şol sanda çagalary öldüren hüjümiň birden kän adamyň işi bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar, polisiýa bu iş bilen baglylykda ýene üç sany güman edilýäni tussag etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji maýda geçiren iş maslahatynda ýene bir gezek ýurduň oba hojalyk toplumyndaky reformalaryň haýallygyndan nägile boldy.
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maýiň aýtmagyna görä, 22-nji maýda Mançester konsertinde bolan partlamanyň “rehimsiz terroristik hüjümdigine indi şübhe ýok”, polisiýa hüjümçiniň kimdigini kesgitläpdir.
Britaniýanyň polisiýasy terrorçylykly hüjüm diýlip güman edilýän bomba partlamasynda azyndan 22 adamyň, şol sanda çagalaryň öldürilendigini we başga-da 59 sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar.
Ýene-de ýükle