Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň ýokary bilim şertlerinden hem-de bilim almak üçin daşary ýurtlara göçýän türkmenlerden söz açýar.
Aşgabadyň ýaşaýyş etraplarynyň birindäki zibilhanada täze doglan bäbegiň jesedi tapyldy. Bu waka 22-nji iýulda, ir sagat 11 töwereginde Howdan "A" etrapçasynda boldy. Bu iki hepdäniň içinde ýaňy doglan bäbekleriň zibil taşlanylan jesetleriniň tapylmagynyň bilinýän ikinji hadysasydyr.
Koronawirus aladalarynyň arasynda 23-nji iýulda Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary başlanýar. 8-nji awgustda çenli dowam etjek Oýunlara dokuz türkmenistanly türgen gatnaşýar.
22-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň bäş agzasy Türkmenistanda lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegine çuňňur alada bildirip, beýan çap etdi.
Göçmek üçin uçara nobata durýanlaryň ýazgysyny nobatda duran türkmenistanlylaryň sanynyň 10 müňden aşmagy sebäpli togtatdylar, özem bu diňe ähli dokumentleri düzüw adamlaryň sany. Orsýetde propiskasy, jaý ýazgysy we içerki pasporty bolan adamlary sanawa binobat salýarlar.
Türkmengala we Ýolöten etraplaryna güýçli ýel geldi, turan goýy tozandan ýaňa awtoýollarda 2-3 metr öňüňi saýgarmak hem kyn boldy; awtoulag sürüjileriniň köpüsi ýoldan çykdy, ýol hadyslary hem boldy, bir ýeňil maşynyň ýük ulagy bilen çakyşmagy netijesinde bir aýalyň ýogalandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri Lebap welaýatynyň Dänew, Darganata, Seýdi we Gazojak şäherlerinde öýünde dini mazmunly kitap saklamakda güman edilýän adamlaryň öýlerini dökýär.
Türkmenistanly bir ýaşaýjy öýe ADSL arkaly Internet birikdirmegiň uly kösençlikdigini aýdýar.
Ýene-de ýükle