Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Merkezi banky walýuta bank hasaplary bolan adamlaryň pul serişdesini daşary ýurt walýutasynda bermezlik barada görkezme ýaýratdy.
Koronawirus sözi gadagan edilen Türkmenistanda döwlet telewideniýesi ýiti respirator kesellerine garşy sosial wideolaryny ýygjamlatdy, hökümetçi sosial hasaplar keselçilige garşy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda aýdylýan melhem çaýlary içmegi maslahat berýär.
Dünýäniň koronawirus aladalarynyň fonunda, Türkmenistanyň onlarça ýük ulag sürüjisi Gürjüstan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky serhet geçelgesinde we Russiýada karantin astynda saklanýar.
Gazagystanda koronawirusdan ýogalan 64 ýaşly Raýkül Äkimžany öz ýaşaýan ýerinde, Akmola oblastynyň Kosşy obasynyň gonamçylygynda jaýladylar. Raýkülüň maşgala agzalary häzir doly izolýasiýa alyndy. Merhumyň jynazasyny okan ymamyň aýtmagyna görä, «meýidi ýakmak barada gürrüň bolmandyr».
Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 37 müňden geçdi, onuň 790 müňden gowrak adama ýokaşandygy tassyklandy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.
Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa baradaky ähli maglumatlary gizlemek üçin türkmen sözlüginde “koronawirus” sözüni radikal hereket bilen gadagan etmek arkaly, öz raýatlaryny howp astynda goýýar diýip, “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy aýdýar.
Milli goşunda gulluk edýän çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleri harby bölümlerde iýmit önümleriniň hem-de arassaçylyk serişdeleriniň ýetmezçiliginden kösenýär.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylary hojalyklara berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygyndan, käbir sebitlerde onuň asla ýoklugyndan şikaýat edýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanda häkimiýetler koronawirus keseliniň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak babatynda, resmi derejede yglan etmezden, käbir çäreleri görýär.
Türkmen häkimiýetleri Aşgabatda döwlet dükanlarynda nagt däl görnüşde edip bolýan hasaplaşyk usulyna çäklendirme girizdiler. Azatlygyň habarçylary bu düzgüniň 28-nji martdan başlap güýje girendigini aýdýarlar.
Aşgabadyň orta mekdepleriniň ençemesinde ýygnak geçirilip, ene-atalardan beýleki zatlar bilen bir hatarda, ýüzärlik satyn almak üçin pul talap edildi.
Lebap welaýatynyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň gaz hem-de elektrik edaralarynyň resmileri ilatyň öý hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri önünden ýygnap başladylar.
Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar.
Bütindünýä Saglyk Guramasy koronawirus keselinden goranmak üçin berýän rekomendasiýalarynda adamlaryň arasynda “sosial aralygyň” saklanmagyny maslahat berýär.
Ýene-de ýükle