Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Aşgabadyň iýmit önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň birinde mekdep formasyndaky okuwçylara azyk harytlarynyň satylmagy gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.
Dünýäde koronawirusyň ýaýramagynyň fonunda, Türkmenistan söwda dolanyşygyny gaýtadan ýola goýmak maksady bilen, Owganystan bilen aradaky döwlet serhedini täzeden açýar. Bu barada Owganystanyň media serişdeleri habar berýärler.
Russiýanyň ähli regiony ýurduň konstitusiýasyna täze düzedişleri girizmegi tassyklady. Bu ýagdaý prezident Wladimir Putiniň häkimiýetde ýene bir 16 ýyl galmagyna ýol açýar.
Lebabyň din işleri boýunça welaýat bölümi koronawirus keseli bilen baglylykda öňümizdäki haj möwsümine ýurt raýatlarynyň goýberilmezlik ähtimallygyny duýdurýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Aşgabadyň döwlete degişli söwda nokatlarynda şekeriň, ösümlik ýagynyň we towuk budunyň gytçylygy dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda, paýtagtyň döwlet dükanlaryndaky söwda tekjelerinde azyk harytlarynyň görnüşi azalýar.
Samarkantdaky «Ýüpek ýoly» halkara turizm uniwersitetiniň öňki prorektory Azamat Akbarowyň «filosofiýanyň doktory» (PhD) ylmy derejesi dogrusyndaky diplomy galp bolandygy üçin, onuň üstünden dokumenti galplaşdyrmakda aýyplama bildirilip, jenaýat işi açyldy.
Türkmenistanyň häkimiýetleriniň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen türkmen-eýran serhedini ýapmagy netijesinde, özbegistanly ýük ulag sürüjileriniň onlarçasy indi 20 gün bäri "Lütfabad" we "Sarahs" serhet geçelgelerinde ýolundan saklanyp galýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy. Prezidentiň Lebaba garaşylmadyk bu sapary koronawirus bilen bagly, welaýatda karantin zonasynyň ýerleşýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp milli telewideniýede eden çykyşynda ýurduň koronawirus global pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde Ýewropadan Birleşen Ştatlara amala aşyrylýan köp syýahatyň 30 günlük togtadylýandygyny aýtdy.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Nuraly Aliýewiň eýeçiliginde bolan Londondaky aýratyn elita jaý Britaniýanyň jenaýatçylyga garşy göreş boýunça agentligi tarapyndan doňduryldy.
Türkmen banklaryndan berlen Visa bank kartlaryndan daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmaga synanyşýan raýatlar bir aýyň dowamynda degişli limit nagtlaşdyrylandan soň yzly-yzyna edilýän soňky üç synanyşykda kartlaryň petiklenýändigini habar berýärler.
Bütindünýä Saglyk guramasy koronawirus infeksiýasynyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy pandemiýa diýip hasaplaýandygyny yglan etdi. Bu barada guramanyň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 11-nji martda adam hukuklary boýunça 2019-njy ýyl üçin täze ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda 2019-nji ýylda tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklary babatynda bolup geçen wakalara syn berilýär.
Hindistanyň Goa ştatyndaky Bombaý ýokary sudy adam söwdasynda aýyplanýan türkmen raýatynyň girew esasynda tussaglykdan boşadylmak baradaky arzasyny ret etdi.
Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary almak we täzelemek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär.
Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Gyrgyzystanyň Suzak raýonynyň ýaşaýjysy 25 ýaşly gyzyny Siriýadan yzyna getirmek üçin, hökümetden kömek soraýar. Ol şeýle kömegi soraýan diňe bir gyrgyzystanly däl.
Fors mažor: Tebigy betbagtçylyk ýa-da epidemiýa ýaly garaşylmadyk wakalar sebäpli haýsydyr bir şertnama gol çeken taraplaryň onuň talaplaryny berjaý etmekden boşadylmagydyr.
Ýene-de ýükle