Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda “gülençi”, ýagny ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilen 18 raýatyň “eden-etdilikli” ýagdaýda uzak-möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini aýdýar.
Türkmenistanda milli manadyň barha gowşap, dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň rekord derejelere ýeten wagtynda, ýene bir gezek ýollar baglanyp, giň gerimli sport çäreleri geçirilýär.
Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lusenko, žurnalist Arakadiý Babçenkonyň janyna kast etmek synanyşygynyň öňüni almak bilen, başga-da öldürilmeli edilen 47 adamyň sanawyny ele salmaga başarandyklaryny aýtdy.
Gürjüstanyň prezidenti Georgi Margwelaşwili Tbilisiniň merkezinde protestleriň lideri bilen duşuşdy. Bu duşuşyk, ýurduň baş prokurory Irakli Şotadzeniň müňlerçe adamyň geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjek oglanyň pyçaklanyp öldürilmegine gatnaşygy bardygy aýdylýan ýaşlaryň sud diňlenişigine syýasy täsiriň bolandygyny aýdyp, protest geçirmeginden soň wezipeden çekilmeginiň ertesi gününe gabat geldi.
Türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynda Azatlygyň gepleşiklerini, onuň websaýtyny we sosial media hasaplaryny yzarlaýan adamlary yzarlaýar. Gizlinlik şertlerinde Azatlyk bilen gatnaşyk saklaýan welaýatdaky habarçymyz agzalýan ýagdaýlar sebäpli soraga çekilen bir türkmenabatly bilen gürrüňdeş boldy.
Gürjüstanyň baş prokurory Irakli Şotadze öz eýeleýän wezipesinden çekildi. Bu waka, müňlerçe adamyň geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjek oglanyň pyçaklanyp öldürilmegine gatnaşygy bardygy aýdylýan ýaşlaryň sud diňlenişigine syýasy täsiriň bolandygyny aýdyp, gürji paýtagty Tbiliside protest geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Soňky iki aýyň dowamynda Türkmenistanyň dermanhanalarynda dermanlaryň bahalarynyň aşa ýokarlanýandygyny, käbir dermanlaryň bolsa asla tapdyrmaýandygyny görse bolýar.
Türkmenistanly bir zenan maşgala bahasy 4 million 100 müň hindi rupisine barabar, ýagny takmynan 61 müň dollar möçberindäki altyny bikanun ýollar biler Hindistanyň çägine saljak bolanda tussag edildi diýip, internetde peýda bolan habarlarda hindistanly resmileriň 31-nji maýda çap eden maglumatlaryna esaslanyp habar berilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 29-njy maýda metbugat serişdelerinde, has takygy “Altyn Asyr” elektron gazetinde ýaýradan beýanatynda tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maglumat berdi. Ýöne çap edilen maglumatda soňky birnäçe günüň dowamynda ýurduň käbir künjeklerini gurşap alan çal tozan agzalmady.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň prezidenti bilen Dmirgazyk Koreýanyň lideriniň arasyndaplanlaşdyrylan sammitden öň Demirgazyk Koreýa baryp, uly derejeli resmiler bilen duşuşýar.
ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosy (DIAHB) Türkmenistanda 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda hakyky demokratik saýlaw prosesiniň wajyp aýratynlyklarynyň bolmandygyny aýdýar.
Aşgabadyň aeoroportunda Türkiýä goýberilmedik bir aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, ol soňy bilen aradan çykdy.
Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ýimpaş” söwda merkeziniň we “Ýimpaş” täjirçilik merkeziniň binalary sökülip başlandy.
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda okuwçylar bilen bagly jenaýatçylyk hadysalarynyň barha köpelýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Media serişdeleriniň sişenbe güni beren habarlarynda aýdylmagyna görä, Demirgazyk Koreýa özüniň ýokary derejeli resmilerini Birleşen Ştatlara we Singapura iberipdir. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen başa baryp-barmajakdygy näbelli bolan sammite tarap ädilen ädim bolmagy mümkin.
Mary welaýatynda galla oragynyň başlanandygyna seretmezden, ilat un ýetmezçiliginden kösenýär.
Daşogza dynç günleriniň dowamynda gelen duzly apy-tupandan soň, sebitde kärendeçi daýhanlar we býujet işgärleri gowaçanyň we baglaryň üstüne düşen duz gatlaklaryny ýuwmak işlerine çekildiler.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň hökümeti polis bölüminde hijaby çykarylan musulman zenana 85 müň dollar tölemäge razylyk bildiripdir.
Aşgabat şäheriniň dükanlarynda we bazarlarynda azyk harytlarynyň görnüşleriniň azalyp, olaryň käbiriniň satuwda asla tapdyrmaýandygyny görse bolýar.
Owganystan we Pakistan arasyndaky dartgynlygyň artmagy bilen iki goňşy ýurduň ýokary derejeli harby we aňtaw resmileri terrorizme garşy göreşmekde bilelikde edilýän tagallalary güýçlendirmek boýunça ylalaşdylar diýip, Pakistanyň harbylary aýdýarlar.
Ýene-de ýükle