Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Amerikaly milliarder Elon Musk bu gezek internet tehnologiýalary ulgamynda öwrülişik etmek isleýär. Arzan kosmiki raketa öndürmegi başaran “SpaceX” kompaniýasy indi älem giňişligine iki sany synag sputnigini (emeli hemra) ibermegi planlaşdyrýar. Bu sputnikler Ýeriň ýüzüne ýokary tizlikli internet ýaýradar.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda eýýäm birnäçe aýdan bäri hojalyklardaky towuklaryň näbelli bir wirusa ýolugyp, haram ölýändikleri barada maglumatlar gowuşýar.
Atylyp öldürilen orsýetli oppozison syýasatçy Boris Nemsowyň öňki dostlary, kärdeşleri we tarapdarlary 27-nji fewralda onuň öldürilmeginiň üçünji ýyldönümini belleýärler.
Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan un gytçylygynyň fonunda, konditer önümlerini öndürýän käbir firmalar we telekeçiler degişli ugurlarda önümçiligi togtadyp, bazara haryt bermeklerini bes etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýär.
Türkmenistanda uly we gymmatbaha gurluşyk proýektlerini, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyny alyp baran Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýurtdaky iri bir proýektden çekilendigi we kompaniýanyň ýolbaşçysynyň ýurdy terk edendigi dogrusynda maglumatlar peýda boldy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky gezek öz ogly Serdar bilen köpçüligiň öňüne çykyp, döwlet mediasy tarapyndan “nesilleriň dowamlylygynyň nyşany” hökmünde häsiýetlendirilen çärelere gatnaşdy.
26-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine, şeýle-de welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy.
Taýlandda polisiýa oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň soňky raportynda üns merkezinde bolan bir orsýetli zenany tussag etdi.
Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň daşary ýurda çykmaga we ol ýerde galmaga mümkinçilik berýän biometriki maglumatly, ilat arasynda ‘zagran’ diýlip atlandyrylýan pasportlarynyň möhletini çäklendirmegi göz öňünde tutýarlar.
Azatlygyň çeşmesi 15-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly aýal dogany Gülnabat Mälikgulyýewna Döwletowanyň adamsynyň aradan çykandygyny we gije Türkmenbaşy, ozalky Lenin köçesiniň ugrunda bejeriş işleriniň geçirilendigini, ýol ýakasyndaky jaýlaryň reňklenendigini habar berýär.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri Türkmenistanyň regionlarynda un, çörek aladalarynyň barha ýiti duýulýandygyny habar berýärler.
“Amnesty International” guramasy ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap edip, ýene bir gezek dünýä ýüzünde adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyna ünsi çekdi.
Regional liderler metbugat habarlarynda bahasy 8-10 milliard dollara barabar bolan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berdiler. Bu geçiriji arkaly energiýa çeşmelerine baý Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen öz gazyny Pakistana we Hindistana eksport eder.
Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, adamlaryň gündelik durmuşda sarp edýän esasy azyk harytlarynyň bahalary sähel ýarymdan az esse ýokary galyp, hususan-da gök-bakja önümleriniň bahalary halka öňküsinden has elýetersiz hala geldi.
TOPH we beýleki proýektleriň gurluşygyna anna güni Owganystanda hem girişilýär. Onuň üçin ähli taýýarlyklaryň görülendigini resmiler aýdýar. Hyrat welaýatynyň häkimi Muhammet Asyp Rahymynyň aýtmagyna görä, ýaragly bir topar TOPH proýektiniň açylyşyna zyýan ýetirmek boýunça alada edipdir.
Kompýuteriň meşhur “Jeopardy” oýnunda ýasama oýun ussasynyň adamdan üstün çykany bäri 7 ýyl geçdi. Tehnologiýa firmalary ondan bäri öz maşynlaryny hasam kämilleşdiripdirler. Indi maşynlar çäksiz maglumata we sowallara has çalt jogap bermäge ukyplydyr.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko tagtdan kowlan özünden öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewde geçirilýän suduna wideo ýaýlym arkaly gatnaşýar.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy fewralda geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda ýurduň awtomobil ulaglary ministrine käýinç yglan etdi we oňa her welaýatda täze awtoterminal gurmak boýunça tabşyryk berdi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentligi habar berýär.
Polisiýa Eýranda sopy musulmanlar bilen kanun goraýjy güýçleriň arasynda emele gelen çaknyşyklarda bäş howpsuzlyk işgäriniň ölendigini we 300 adamyň hem tussag edilendigini aýtdy.
Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, käbir türkmen raýatlarynyň iş ýa-da başga gazanç çeşmeleriniň gözleginde daşary ýurtlara çykmaga has köp ýykgyn edýändigi habar berilýär.
Ýene-de ýükle