Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň TOPH proýektine Gazagystan hem gyzyklanma bildirýär we Astana bu barada hem Aşgabady, hem Delini habarly etdi, ýöne Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana gurulmakçy bolýan gaz geçirijisiniň üstünlikli boljagyna şübheli garaýar.
Täze ýyl baýramynyň golaýlaşmagy bilen ýetginjek oglanlaryň 31-nji dekabr gijesi köne ýyly ugratmakda we täze ýyly garşylamakda ulanýan partlaýjy enjamlary, ýagny il arasynda aýdylşyna görä, paňkyldawuklary elde ýasaýandyklary barada aladaly maglumatlar aýdylýar.
"Türkmenistanyň Hronikasy" atly internet neşiriniň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
Britaniýanyň patyşalyk harby deňiz güýçleri Demirgazyk deňizde ýurduň territorial suwlarynyň golaýynda, Orsýetiň bir söweş gämisini göz astyna alandygyny aýdýar.
Bilermenleriň aýdyşyna görä, "Türkmenistanyň garaşsyz bolandan bäri başdan geçirýän iň agyr ykdysady krizisiniň" fonunda, ýurtda soňky bir aýdan bäri unuň we arpa-bugdaýdan öndürilýän önümleriň gytlygynyň halkyň durmuşyna agyr täsir ýetirýär.
Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak boýunça arzasyny ret etdi.
Soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda bar bolan hususy dükanlarda satuwda ýumurtga tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.
Türkiýäniň Çanakkale welaýatynyň merkezinde we onuň Gelibolu etrabynda 5 sany tapawutly altyn-kümüş dükana ýasama altyn zynjyr satyp, alyjylary aldamakda güman edilýän 4 adamlyk topar polis tarapyndan saklandy. Toparyň 2 agzasynyň türkmenistanly zenandygy habar berilýär.
Pakistan metbugaty prezident Mamnun Huseýniň öz türkmen kärdeşi bilen TOPH geçirijisini bellenen wagtyndan ir gurmagyň möhümdigi babatda bir pikire gelendigini habar berýär.
Ýurduň demirgazygyndaky Boldumsaz etrabynyň gaz edarasy gaz ulanyjylaryň täze ýyl üçin täze gaz-taslama depderçelerini satyn almagyny talap edýär.
Türkiýäniň Egeý deňziniň kenarynda ýerleşýän, dünýä belli turizm şäheri Bodrumda ýene bir türkmenistanly zenan ýanyndaky migrant ýaranlary bilen ten söwdasynyň üstünde tutuldy.
Şu gün, ýagny 22-nji dekabrda aktiwist Galina Kuçerenkonyň 15 gije-gündizlik tussaglygy doldy we ol azatlyga goýberildi. Azatlyk Radiosyna bu barada onuň hossarlary habar berdiler.
Düýn 21-nji dekabrda Aşgabatly ýaşaýjylaryň aglabasy öz iş orunlaryna günortana golaý, sagat 11 töweregi gelmeli boldular.
Türkmenistanda döwlet býujetinden stipendiýa alýan talyplardan, geljek ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli, özleriniň maşgala agzalarynyň girdejisi hakyndaky güwanamany getirmek talap edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda Saparmyrat Nyýazow muzeýiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ilkinji prezidentiň hatyrasynyň öňki ýyllara garanda has uludan tutulmagy bir topar sorag döretdi.
Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt puluň ýetmezçilik etmegi ýaşaýjylaryň kösenjini artdyrýar. Şu günler welaýatlarda daýhanlaryň ýyllyk girdejileriniň hasaplaşyk döwriniň başlanmagy bilen bu kösençligiň has hem artandygyna ünsi çekýärler.
Nýu-Ýorkyň Bruklin sebitinde ýaşaýan gazak raýaty “Yslam döwleti” ekstremist toparyny maglumat goldawy bilen üpjün etmek üçin dildüwşük etmekde, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Geçen aýyň aýagynda türkmen prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow ýurduň käbir welaýat we etraplarynda pagta hasylynyň azlygyndan we pagta ýygymynyň haýallygyndan nägile bolupdy.
Käbir maglumatlara görä, täze ýylyň ýanwar aýyndan, beýleki bir maglumata görä, täze ýylyň sentýabr aýyndan talyp haklarynyň ýatyryljakdygy aýdylýar.
Türkiýäniň Stambul şäheriniň Fatih etrabynda gurnalan operasiýada 2 adamy öldürmekde güman edilýän türkmen migrantynyň ele salnandygy habar berilýär.
Ýene-de ýükle