Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Musulman milletler bütin dünýä Gündogar Iýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde ykrar etmegi üçin basyş etmeli diýip, Türkiýe ABŞ-nyň bu şäheri Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmegine jogap hökmünde, çarşenbe güni başlan yslam sammitinde çagyryş etdi.
Visa kompaniýasy Azatlygyň soraglaryna ýazmaça jogap berip, türkmen banklarynyň halkara töleg sistemasynyň öňünde bergisiniň bardygy hakynda çykan habarlary ret etdi.
Türkmenistanyň paýtagtynda ýene towuk ýumurtgasynyň gytçylygy başlandy we bu gytçylyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwlet komissiýasyny döreden wagtyna gabat geldi.
Iwan Slyşkin 23 ýaşynda snaýper bilen atylyp öldürilmezinden ozal gelinligine sosial media arkaly şeýle mazmunly gynançly hat galdyrýar: “Biz ýakyn wagtda birek-birege gowuşarys – onsoň asla aýrylmarys”.
Stokgolmyň Halkara parahatçylyk barlagy instituty ýa-da gysgaça aýdylanda SIPRI (Stockholm International Peace Research Institute) ýarag öndürýän we harby ugurda hyzmat berýän firmalaryň 2016-njy ýylda iň esasy ýüz sanysynyň sanawymy beýan etdi.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) özüniň “Yslam döwleti” atly ýarym harby topar tarapyndan dolandyrylýan bir ekstremistik “öýjügiň” üstüni açandygyny aýdýar. Maglumatda bildirilmegine görä, bu topar täze ýyl baýramçylygynda, şeýle hem öňdäki prezidentlik kampaniýasynda Moskwada terror hüjümlerini amala aşyrmagy planlaşdyrypdyr.
2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Stambuldaky "Reina" atly gijeki kluba terrorçylykly hüjüm gurnamakda aýyplanýan "Abu Muhammed Horasani" lakamy bilen meşhur bolan asly özbegistanly Abdulkadir Maşaripowyň kazyýet işine adatdan daşary ýagdaýda görülýän howpsuzlyk çäreleri astynda Siliwri tussaghanasynda garalar.
"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň iň iri döwlet konserniniň bar bolan maglumatlardan çen tutulanda, özüniň daşary ýurtly şäriklerine 20 million dollardan köp bergili ýagdaýa düşendigini habar berýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öňünden yglan edilmedik sapar bilen Siriýa bardy we ors harbylaryna öz ýaragly güýçlerini Orta Gündogarda uruşdan ýaňa dargan bu ýurtdan çykarmaga başlamagy buýurdy diýip, Orsýetiň habar gulluklary bildirdiler.
Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir gezek korrupsiýa, parahorluga garşy barlyşyksyz göreşmegi wada berendigini habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene birnäçe ministrini täzeledi we ýurdy azyk bilen üpjün etmek üçin döwlet komissiýasyny döretdi.
VISA kompaniýasynyň wekilleri halkara töleg sistemasynyň türkmen banklaryna hyzmat etmegi togtadandygy baradaky maglumatlary ret edýärler. Azatlyk Radiosy özüniň Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri bilen bagly töleg kartlary arkaly hyzmatlary amala aşyrmagy togtadandygyny habar beripdi.
Abraýly halkara derňew topary 2014-nji ýylda gündogar Ukrainada ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagynda ýokary derejeli rus generalyň “eliniň bardygyny” anyklandygyny aýdýar.
Musulman kadalaryna görä soýlan malyň etiniň dünýädäki iň uly eksportçysy Braziýadyr. 2015-nji ýylda Braziliýanyň eksport eden etiniň dörtden bir bölegi musulman ýurtlaryna, ýagny Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogar döwletlerine iberilipdir. Ol etiň gymmady 1,4 milliard dollara barabardyr.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 5-nji dekabrda Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky ylalaşygyň “iş ýüzünde’ gol çekmäge taýýar edilendigini aýtdy, emma ol ylalaşylandygy aýdylan esasy meseleler barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
Hindistanyň tanymal aktýorlaryndan 1970-1980-nji ýyllarda owalky sowet respublikalarynda hem meşhurlyk gazanan Şaşi Kapur 79 ýaşynda aradan çykdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmek boýunça alan karary dünýäde giňden tankyt edilýär, ýöne käbir dünýä liderleriniň çaklamalaryna garamazdan, bu kararyň kabul edilmegi dessine zorlugyň döremegine meçew bermedi.
Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlary soňky ik-üç aýyň dowamynda rekord derejelere baryp ýetdi.
Ýene-de ýükle