Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda adaty bazar dükanlarynyň we söwda merkezleriniň öňünde dikilen ak çadyrlarda ýörite baýramçylyk söwdalary guralýar, emma sowgatlyk harytlary satyn alýan alyjylar juda selçeň, satyjylar sowuk çadyrlarda tas işsiz otyr diýip, ýerli synçylar habar berýär.
Türkmenistanda soňky bir aýdan bäri unuň we arpa-bugdaýdan önýän mal iýmleriniň gytalýandygy barada maglumatlar bar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda welaýat, şäher we etrap prokurorlaryny wezipä bellemek baradaky kararlara gol çekdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň 11 aýyndaky işleriniň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisini geçirip, täze satyn alnan harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Russiýaly milliarder Alişer Usmanow öz ýurdy Özbegistanyň täze liderine daşky dünýä açylmaga ýardam berip, ol özbek ykdysadyýetine “başardygyndan” goşant goşjakdygyny Reuters bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Orsýetiň Adalat ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny (RFE/RL), “Amerikanyň sesi” radiosyny (VOA) we olar bilen işleşýän birnäçe habar çeşmesini golaýda kabul eden we Günbatar hem metbugat azatlygyny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilen täze kanunynyň esasynda “daşary ýurtly agentler” diýip yglan etdi.
Sopular hem musulmanlyk ygtykadyna eýerýärler we olar Allany öz içki dünýäsinden gözleýändigini aýdýarlar.
Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň harbylary bilelikde geçirilýän iň uly harby türgenleşige başladylar. Bäş gün dowam etjek bu türgenleşige 230-den agdyk uruş uçary gatnaşýar.
Orsýetiň Döwlet Dumasy ABŞ-nyň ähli media serişdeleriniň parlamentiň Aşaky öýüne girmeklerini gadagan etmegi göz öňünde tutýar we bu teklip geljek hepde maslahat ediler diýip, kanunçylyk boýunça komitetiň ýolbaşçysy aýtdy.
Aşgabat şäherinde we welaýatlarda hususy dermanhanalaryň birnäçesiniň ýapylyp başlandygy barada maglumatlar bar.
Halkara Günä geçiş guramasy 30-nju noýabrda “Togtadylan ömürler: Türkmenistanda ýitirim bolanlaryň maşgalalarynyň gynalmagy” diýen at bilen beýanat çap etdi.
Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryndan sowulmaga kömek edip, Eýrana 1 milliard dollar möçberinde edilen bikanun kömegiň çäginde, şaýat Türkiýäniň ykdysadyýet ministrine 50 million dollardan gowrak para berendigini amerikan sudunyň öňünde tassyklady.
Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän esgerleriň azyk bilen üpjünçiliginiň görnetin ýaramazlaşyp, harby gullukçylaryň yzlaryndan ene-atalary tarapyndan getirilýän azyk önümlerine barha kän mätäç bolýandyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Türkmenistanda soňky iki ýylyň dowamynda döwlete degişli edara kärhanalaryň işgärlerini her ýylda iki gezek saglyk barlagyndan geçmeklige mejbur edilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda, şu ýyldaky soňky kadr çalyşmalarynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Kaka etrabynyň häkimi bolup işlän Şöhrat Amangeldiýewi belledi.
"The Independent" gazetiniň ýazmagyna görä, barlyşyksyzlaryň tarapdary hasaplanýan milletparaz hindi toparlaryndan biri Bolliwudyň surata düşüren täze kinofilmini tomaşaçylara görkezjek Britaniýanyň ähli kinoteatrlaryny ýakmak barasynda çagyryş edipdir.
Rus sportunda dopingiň orny hakynda ýaýradylan aýratyn ähmiýetli hasabatyň awtory Orsýetde döwlet özüniň dopinge gatyşygyny inkär etmegini dowam etmek bilen has agyr jezalara töwekgellik edýär diýdi.
Ýene-de ýükle