Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Rus sportunda dopingiň orny hakynda ýaýradylan aýratyn ähmiýetli hasabatyň awtory Orsýetde döwlet özüniň dopinge gatyşygyny inkär etmegini dowam etmek bilen has agyr jezalara töwekgellik edýär diýdi.
Aşgabatda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna gurlup, işgärlere uzak möhletli ýeňillikli kredite berlen ýokary amatlykly jaýlaryň eýeleriniň köpüsiniň her aýda tölemeli ipoteka töleglerini töläp bilmeýändikleri we jaýlaryny yzyna tabşyrýanlaryň köpelýändigi aýdylýar.
Ozalky Köşi atlandyrylýan paýtagta birleşip oturan obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky ýumrulyşyklary başlandy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky kadr çalyşmalarynyň çäginde Mary welaýatyna baryp, welaýat häkimini wezipesinden boşatdy.
Halkara Olimpiýa komiteti Moskwanyň öňki anti-doping resmisi Grigoriý Rodçenkowyň Orsýetiň doping “dildüwşügini” bütin dünýä paş etmek bilen dogruçyllyk edendigini aýtdy.
Demirgazyk Kiprdäki Kirinýänyň agyr jeza kazyýeti şu ýylyň 9-njy iýulynda Girne-Alsanjak awtoýolunda türkmen migranty Azamat Rejepowyň ölümine sebäp bolan awtoýol heläkçiliginde, awtoulagy süren türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewiň 3 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum edilmegi barasynda höküm çykardy.
Türkmenistanda ilata ozal mugt berlen gazyň, suwyň, elektrik togunyň tölegli edilmegi bilen bu hyzmatlar üçin hasaplaýjy enjamlary goýdurmaklyga birnäçe wagt bäri görkezme berlip gelinýärdi.
Kreml Orsýetiň Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrowyň, geçen hepdäniň soňunda iş başyndan çekilmeginiň mümkindigi hakda beren beýanatlaryna garamazdan, öz wezipesinde galjakdygyny aýtdy.
Awstriýada doglan Hedy Lamarr 1940-njy we 1950-nji ýyllaryň arasynda diňe bir Golliwudyň däl, eýsem tutuş dünýäniň iň owadan aktrisasy hasaplanýardy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän habar serişdelerini “daşary ýurt agentleri” hökmünde häsiýetlendirmäge we olara garşy sanksiýalary girizmäge ygtyýar berýän kanuna gol çekdi.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabatda şu günler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary derejede garşy almaga taýýarlyk görülýär.
Müsüriň harbylary uruş uçarlarynyň Sinýa ýarymadasynyň demirgazyk bölegindeki sufi metjidine edilen hüjümde ulanylan birnäçe maşyna hüjüm edendigini aýdýar.
Gyrgyzystanyň täze prezidenti 24-nji noýabrda paýtagt Bişkekde kasam etdi. Regionda ilkinji gezek häkimiýet saýlanan bir prezidentden, beýlekä parahatçylykly geçýär.
Ýurduň içinde bir welaýatdan başga bir welaýata gatnap, diri mallary satyn alyp, ony et üçin ulanýan işewürleriň öz işlerini togtatmaly bolýandygy aýdylýar.
Aşgabadyň Parahat-7, Parahat-8 etrapçalarynyň ýaşaýjylarynyň awtoulaglaryny jaýlaryň golaýynda goýmaly däldikleri baradaky gadagançylyk indi ýarym ýyldan bäri ilata rahatlyk bermeýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji noýabrda Aşgabatdaky awtomobil sporty merkezine baryp, täze satyn alnan ýaryş awtomobillerini synagdan geçirdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy ýazýar.
BMG-niň Siriýada himiki ýaraglary kimiň ulanandygyny anyklamak boýunça derňewi “öli”, emma Orsýet Günbatar ýurtlarynyň “täze mehanizmi döretmek” tagallalary üçin açyk diýip, Moskwanyň BMG-däki ilçisi aýtdy.
Noýabr aýynyň aýaklap barýandygyna seretmezden, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň işgärlerniň mejbury pagta ýygymyna çekilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 21-nji noýabrda geçirilen göçme mejlisinde ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň esasy wezipelerini ýene bir gezek ýatlatdy.
"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň "Türkmennebit" döwlet şereketiniň pul töläp biljek ýagdaýda däldigini beýan edýär.
Ýene-de ýükle