Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
"CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň "Türkmennebit" döwlet şereketiniň pul töläp biljek ýagdaýda däldigini beýan edýär.
Orsýetiň Federasiýa Geňeşi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media kompaniýalaryny “daşary ýurt agentlikleri” hökmünde bellige almaga we olara garşy gadagançylyklary girizmäge ygtyýar berýän kanuny tassyklady.
Şu ýylyň aprel aýynda Rajastan ştatynda 55 ýaşyndaky musulman Pehlu Hanyň urlup-ýenjilip öldürilişi barada wideo şekil ýaýradyldy.
Türkmenistanda söz, pikir aýtmak mümkinçiliginiň barha beter gysylmagy dowam edýar, golaýda Aşgabatda iki sany aktiwist zenana haýbat atyldy we azar berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan guramalaryň beýanatynda aýdylýar.
Orsýetiň Meteorologiýa gullugy sentýabryň aýagynda ýurduň käbir künjeklerinde “aşa ýokary” dykyzlykda Rudeniý-106 maddasynyň radioaktiw izotopynyň peýda bolandygyny tassyklady diýip, Agence France-Press agentligi 20-nji noýabrda habar berdi.
Prezident Wladimir Putin Orsýetiň kurort şäheri Soçide Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen geçiren gepleşiklerde, Siriýada indi harby operasiýalardan süýşip, alty ýyl bäri ýurtda barýan raýat urşuna syýasy çözgüt tapmagyň zerurdygyny aýtdy.
Uly derejeli geňeşçiler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa, Ukrainanyň sebitde rus agressiýasyna gaýtawul bermek tagallalaryny berkitmegi üçin, 47 million dollarlyk ýokary tehnologiýaly goranyş ýaraglaryny maliýeleşdirmek we satmak planyny hödürlär.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde maliýe-ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça edilýän işler barada hasabat berdi.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Orsýetiň daşary ýurt media serişdelerini nyşana alýan kanunçylygyny synlaýandygyny we bu kanuny media azatlygyny çäklendirmekde gural hökmünde ulanmazlygy Moskwa öňünden duýdurandygyny mälim etdi.
Aşgabadyň azyk dükanlarynda Ahal welaýatynda öndürilýän “Ahal” atlandyrylýan pagta ýagy satuwa çykaryldy.
Türkmenistanyň paýtagtynda BMG-niň “2017-nji ýylda dünýäniň ilat sany” atly hasabatyny köpçülige hödürlemek boýunça dabara geçirildi.
WADA, ýagny Dopinge garşy bütindünýä agentligi Orsýetiň dopinge garşy talaplary henizem berjaý etmeýändigini aýdyp, onuň üstümizdäki ýyl geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna arassa gatnaşmak baradaky umytlaryny puja çykardy.
Dünýä ýurtlarynda internetiň ulanylyşy we eleýeterliligi boýunça soňky geçirilen barlaglar esasynda çap edilen täze hasabatda Türkmenistan öz ilatynyň iternet ulanmagyny iň kän çäklendirýän ýa-da ýeterlik mümkinçilik döretmedik döwletleriň hatarynda agzalýar.
Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda welaýatlaryň özara serhetleşýän ýerlerindäki we beýleki sebitlerindäki barlag nokatlarynda howpsuzlyk güýçlendirilen çäreleri, şonuň bilen bir wagtda ýolagçylary we olaryň ulaglaryny berk barlamak dowam etdirilýär.
Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi hökümete daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän media guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde bellige almaga ygtyýar berýän kanunçylygy biragyzdan tassyklady.
Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene-de näbelli adamlar tarapyndan ölüm haýbaty atylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen barha ýygjamlaşýan kadr çalyşmalarynyň we berk käýinç, soňky duýduryş bermeleriniň çäginde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyny täzeledi.
Britaniýanyň premýer-ministri Orsýetiň Günbatarda agzalalyk döretmek barada edýän tagallalary başa barman, tersine günbatarly ýaranlaryň Moskwanyň ara goşulmagyna garşy durmakda bile işleşmegini güýçlendirdi diýýär.
Ýerýüzünde hökümetler maglumatlary sosial medianyň üsti bilen manipulýasiýa etmek synanyşyklaryny artdyrmak arkaly demokratiýa kembaha garap, umumy internet azatlygynyň pese gaçmagyna ýol açýar diýip, Freedom House belleýär.
Ýene-de ýükle