Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gollandiýadan gowşan habara görä, Taryhçy alym, etnograf hem-de belli oppozisiýa aktiwisti Muhammetgeldi Berdiýew 18-nji sentýabrda 63 ýaşynyň içinde uzaga çeken agyr keselden aradan çykdy.
Russiýanyň iň uly kinoteatrlar toplumy ors patyşasy Nikolaý 2-njiniň ýaşlyk döwri hakda surata düşürilen "Matilda" atly filmiň halk köpçüligine hödürlenmeginden gaça durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň ätiýaçlyk üçin azyk harytlaryny we ilkinji zerurlykdaky harytlary köpçülikleýin satyn alyp goýmak tejribesiniň giň ýaýrandygy habar berilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky hasabatynda Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alaly bäri rus döwletiniň agentleri tarapyndan adam hukuklarynyň agyr bozulandygy we adamlaryň gynamalara sezewar edilendigi aýdylýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de Ri 23-nji sentýabrda BMG-de sözlän sözünde öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň pikirlerini gaýtalasa, Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Ri Ýong Ho we liderKim Jong Un "kän uzaga galmaz” diýýär.
“Ýap-ýaňy Aşgabadyň Mir 1 mikroraýonyndaky bazardan geldim, ol ýere azyk ýükli maşynlary goýberip başladylar” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi Aşgabatdan şu gün, 23-nji sentýabrda habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde hünärmenleriň sil suwlarynyň öňüni almak maksady bilen geçiren barlaglarynyň netijeleri barada habar berlip, Aşgabadyň gapdalyndan sil sowalgasyny gurmak üçin hödürlenýän täze proýekt tassyk edildi.
Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlaryny beýan etmäge baran daşary ýurtly žurnalistleriň biri, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen, Azatlyga özünde galan täsirleri gürrüň berdi.
Orsýet Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Reşit Nurgaliýew “Siriýada söweşen Merkezi aziýaly terroristleriň” öz ýurtlaryna dolanyp, islendik pursatda aktiw herekete geçmäge taýýar “ukuly öýjükleri” döredýändigini aýtdy.
Medianyň habar bermegine görä, Amerikan prezidenti Donald Trampyň prezidentlik kampaniýasynyň öňki başlygy öten ýyl kampaniýanyň gidişi hakda Kreml bilen ýakyn ilteşikde bolan bir orsýetli milliarderi maglumat bilen üpjün etmegi teklip edipdir.
Türkmenistan 25-26-njy noýabrda pagta önümleriniň 7-nji halkara söwda ýarmarkasyny we “Türkmenistanyň pagta önümleri we Dünýä bazary” atly halkara konferensiýa geçirer diýip, bu çäräniň guramaçylary 19-njy sentýabrda habar berdiler.
Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlary bilen baglylykda şäher köçeleriniň bir toparynda transport hereketi üçin ýapylanyna indi on günden gowrak wagt boldy .
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, ýapylyş dabarasynda özboluşly bir rekordy goýmak göz öňünde tutulýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň esasy gatnaşyjysy bolup, özüniň täze aýdymyny ýerine ýetirer we onuň bilen bilelikde aýdym aýtjak adamlaryň sany şu gezek 7.5 müňe ýetiriler.
Günorta Täjigistanda Zaidullo Hudoýorowyň öýünde onuň uly gyzynyň nika toýuna doly depgin bilen taýýarlyk görülýärkä, toýdan sanlyja sagat öň ýerli resmilerden durýan bir topar öýe dökülip, maşgalanyň toý üçin taýýarlan naharlaryny konfiskasiýa edýär.
Dünýäde pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän global gurama, “Pagta kampaniýasy” Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlaryna gabat Waşingtondan beýanat ýaýradyp, ýurtdaky mejbury zähmet problemasyna ýene bir gezek ünsi çekdi.
“Türkmenistanyň diktaturasy Aşgabatda ýekşenbe güni ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça açylan Aziýa oýunlaryna beýemçilik etmek bilen, özüniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga synanýar".
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek ilkinji çykyşynda, Demirgazyk Koreýa bilen Eýranyň garşysyna has berk tutuma çagyryş etjege garaşylýar.
Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlaryna ýeterlik derejede tomaşaçy gelmeýändigi sebäpli, paýtagtyň mekdeplerinden müňlerçe okuwçy mejbury ýagdaýda ýaryşlara getirlip başlandy.
Ýene-de ýükle