Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlenmegi ýurduň çäginde terrorçylykly hüjüminiň bolmagynyň ähtimaldygy baradaky aňtaw maglumatlary bilen bagly.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasyny geçirýär we bu çäre ýurduň esasy döwlet telekanallary tarapyndan alnyp görkezilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýunda geçiren iş maslahatynda gök, bakja we miwe ekinleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmaga, ýurduň bazarlarynda ýokumly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge çagyrdy.
Bir ýaragly Waşingtonyň eteginde baseball oýnap ýören respublikan syýasatçylary oka tutdy we ABŞ-nyň baş kongressmenini we ýene üç adamy ýaralady diýip, polisiýa we kanun çykaryjylar aýtdylar.
Türkmenistan 2016-njy ýylda özüniň iň esasy eksport harydy bolan gaz önümçiligini 4 prosent azaltdy diýip, finmarket.ru neşiri 13-nji iýunda BP kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Indi iki ýyldan bäri "Burson-Marsteller" atly jemgyýetçilik gatnaşygy we kommunikasiýa firmasy "Twiplomacy" atly hasabatyny halk köpçüligine hödürläp gelýär. Bu hasabatda Twitter, Facebook, Instagram, Periscope we Snapchat ýaly sosial media ulgamlaryndan nähili peýdalanylýandygy beýan edilýär.
Türkmen paýtagtynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Birleşen Ştatlaryň senatorlary adam hukuklarynyň bozulmagy, Siriýa hökümetini ýaraglandyrmak, şeýle hem Amerikanyň prezident saýlawlaryna garşymagy sebäpli Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek babatda iki partiýa arasynda ylalaşyga gelnendigini aýdýarlar.
Türkmenistan ýakyn wagtda Täjigistana yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmagy planlaşdyrýar.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow bilen duşuşdy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana edýän saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary ony ýurtda adam hukuklarynyň problemalaryna ünsi çekmäge çagyrdylar.
Haj zyýaratyna gitmek üçin tigirli ýola düşen 75 ýaşly özbegistanly ýaşuly Husan Hajybaýewiň Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna 9-njy iýunda habar bermegine görä, ol özbek-türkmen serhedindäki Farap barlag-geçiş nokadyna baranda türkmen wizasy bolmansoň, serhetçileri ony serhetden geçirmändir.
Ýene-de ýükle