Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ukrainalylar 11-nji iýunda resmi taýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna wizasyz syýahat etmek mümkinçiligine eýe boldular we ýurduň prezidenti bu çäräni “Russiýa imperiýasy bilen soňky hoşlaşyk” hökmünde gutlady.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ýokary derejeli hünärmenleri pensiýa ýaşyna ýetenden soň hem işini dowam etdirmäge höweslendirmegiň zerurdygyny” aýdýar.
Meý möhletinden öň geçirilen ses berişlikden partiýanyň pozisiýasyny gowulandyryp, Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy baradaky Breksit gepleşiklerinde öz tutumyny güýçlendirmegi umyt edipdi. Ýöne onuň bu umydy başa barmady.
Türkmenistanda oba adamlary prezidentiň “Tebigy serişdelerden peýdalanyjylara salgyt salmak aýratyn bir ugur bolup durýar” diýen sözlerinden alada galdylar diýip, ýerli çeşme habar berýär.
Alymlar diňe gara deşikleriň merkezinde duş gelnen we şol sebäpdenem görünmeýän grawitasiýa ýeke-täkliginiň (singulýar) düýpgöter başgaça, ýagny üç ölçegli fazada döräp biljegini görkezipdirler.
Federal derňew edarasynyň (FBI) ozalky müdiri Jeýms Komiýniň, Birleşen Ştatlaryň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda orslaryň gatnaşygyny we prezident Donald Trampyň ýaranlarynyň Orsýet bilen ilteşigini derňeýän kanunçykaryjylarynyň öňünde şaýatlyk edip çykyş edýär.
Eýranyň polisiýasynyň ýurduň paýtagty Tähranyň köçelerinde we metro stansiýalarynda gözegçiligi güýçlendirendigi habar berilýär. Bu waka Eýranyň parlamentinde we Aýatolla Ruholla Homeýniniň guburynda bolan hüjümlerden bir gün soň, adam pidasynyň artandygy baradaky maglumatlaryň ýaýran mahalyna gabat geldi.
Berdimuhamedow 6-njy iýunda geçiren iş maslahatynda sosial kömegiň hemmelere däl-de, hakykatda kömege mätäç adamlara berilmelidigini aýdan hem bolsa, Azatlygyň söhbetdeş bolan türkmenistanlylary hökümetiň mätäçlere goldaw berip biljegini sorag astyna alýarlar.
Türkmenistanyň Baýramalydaky berk düzgünli (MR-K/16) türmesiniň territoriýasynda täze barak korpuslary peýda boldy, düzediş-zähmet edarasynyň täze gurlan desgalaryny kosmosdan düşürilen fotosuratlar arkaly synlamak mümkin diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti habar berýär.
Şu gün, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda galla oragy başlandy.
Tähranda ýaragly adamlar we janyndan geçen bombaçylar parlamente, şeýle hem Aýatollah Ruhollah Homeininiň mawzoleýine hüjüm etdiler. Häkimiýetler hüjümleriň ikisinde-de terroristleri jogapkär edýärler.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýunda iş maslahatyny geçirip, ‘ýeňillikler ulgamynyň özüni doly ödemeýändigini’ aýtdy we wise-premýer B.Hojamämmedowa ähli ýeňillikleri ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýakyn Gündogarda bir telekommunikasiýa firmasynyň taýýarlan Oraza baradaky telewideniýe reklamasynda, terrorçylykdan pida bolanlaryň janyndan geçen bombaçynyň öňüni alandygy suratlandyrylýar.
Moskwanyň sudy şäheriň ukrain kitaphanasynyň ozalky müdiri Nataliýa Şarinany “etniki ýigrenç duýgularyny öjüdirmekde” aýyplap dört ýyllyk şertli tussaglyga höküm etdi. Çykarylan höküm onuň kitaphanasyndaky käbir saýlama eserler, hamana, “ekstrimizmi ündeýär” diýlip esaslandyryldy.
Resmi maglumatlara görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kanunlarynyň esasynda Gurbangül Baýramowa wise-spiker wezipesinden boşadylypdyr, onuň ýerine Gülşat Mämmedowa bellenipdir.
CNBC telekanalynyň internet sahypasynda makala ýazan Oriel Morrison geljek onýyllykda "global deňagramlylygyň kadasynyň we güýçler deňagramlylygynyň" üýtgejekdigini öňe sürýär.
Arap ýurtlarynyň dördüsi Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi we ony yslamçy toparlary goldamakda aýyplady, şeýle-de Eýran bilen ýakyn gatnaşygyny ýazgardy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Amerikan telewideniýesiniň bir programmasynda eden çykyşynda, öten ýylky prezident saýlawlaryna Moskwanyň garyşandygyny inkär edip, prezident Donald Trampa basyş edere Kremliň elinde hiç bir materialyň ýokdugyny aýtdy.
Ýene-de ýükle