Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 22-nji maýda iki günlük sapar bilen Ysraýyla bardy. Ol bu saparyň dowamynda, öz aýtmagyna görä, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda “gutarnykly ylalaşyk” boýunça öňegidişlik gazanmaga synanyşar.
Özbegistanyň prezidentiniň Türkmenistana saparynyň öň ýanynda, Daşkentde Magtymguly Pyragynyň barelýef heýkeliniň açylyş dabarasy boldy. Magtymguly köçesindäki bu heýkel resmi Aşgabat tarapyndan tassyklanan kanonik portretden tapawutly bolany sebäpli türkmen diplomatlarynyň ünsüni özüne çekdi.
Iki ýyl ozal öz ýurduny taşlap “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna goşulan ozalky täjik polisiýa polkowniginiň maşgalasynyň durmuşynyň “gözgyny ýagdaýa” öwrülendigini onuň gyzy habar berýär.
Hytaý hökümeti CIA-niň Hytaýdaky aňtaw tagallalaryny “sistematiki opuryp”, 2010-njy ýylyň aýagyndan başlap, iki ýylyň dowamynda gizlinlikde işleýän CIA çeşmeleriniň azyndan 12 sanysyny öldürdi ýa türmä basdy diýip, amerikan gazeti 21-nji maýda habar berdi.
Eýranyň Içeri işler ministrligi prezident Hassan Rohaniniň 19-njy maýdaky saýlawlarde berlen sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde gaýtadan saýlanandygyny yglan etdi.
Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Türkmenistanyň raýaty Aşyrbaý Bekiýewiň Orsýetden öz ýurduna ekstradisiýa edilip tabşyrylmagyny yza tesdirdi diýip, Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” guramasy habar berýär.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Gülşat Orazmuhamedowa 15-nji maýda, ministr bellenenine üç aý hem bolmanka, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanlylar 18-nji maýda ýurduň Esasy kanunynyň, Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde baýram edilýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ak tamda prezident Donald Tramp bilen rus daşary işleri Sergeý Lawrowyň arasyndaky geçirilen gepleşikleriň ýazgysyny hödürläp biljekdigini aýdýar.
Moskwadaky “Memoriar” merkezi Kairiň “Al-Azhar” uniwersitetinde okan türkmen raýaty A.Atdaýewiň şu ýylyň ýanwarynda, “yslam ekstremizmi” aýyplamasy bilen sud edilenden soň, türkmen türmesinde ýitendigini habar berýär.
Owganystanyň demirgazygynda “Arbaki” diýlip atlandyrylýan ýerli toparlaryň düzüminde hereket edýän etniki türkmenler Gunduz welaýatynyň Kalaýzal etrabynda hüjüme geçdiler, diýip Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady habar berýär.
Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň 20-nji ýygnagyna gatnaşýanlara gutlag ýüzlenmesini ugratdy.
16-njy maýda amerikan prezidenti Donald Tramp bilen duşuşykda, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň Ankara tarapyndan terroristler diýlip garalýan siriýaly kürtleri ýaraglandyrmakdan saklanmagy üçin, Birleşen Ştatlara basyş ederine garaşylýar.
Ýene-de ýükle