Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Demirgazyk Koreýa dünýädäki ýagdaýy gaty az bilinýän we diýseň ýapyk saklanýan ýurtlaryň biridir. Şonuň üçinem ol şol bir wagtyň özünde iň köp gyzyklanma döredýän ýurt saýylýar. Indi ol ýurda gitmek owalkylar ýaly gaty kyn däl.
Hytaýyň prezidenti Şi Jinping daşary ýurtlaryň hökümetlerini global ykdysady ösüş üçin “köpräk açyklyga we hyzmatdaşlyga”, şeýle hem “proteksionizmi ret etmäge” çagyrdy.
Türkmenistan 12-nji maýda özüniň täze baş prokuroryny yglan etdi. Şu aýyň başynda wezipesinden çetleşdirilen öňki baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň ornuna Türkmenistanyň söwda toplumyna gözegçilik eden wise-premýer Batyr Atdaýew bellenildi.
Altmyş ýyllyk taryhynyň dowamynda Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigini ençeme gezek tankyt edipdiler. Ýeňijiniň gatnaşýanlaryň islegine we sungat ukybyna görä däl-de, syýasatyň gün tertibine görä saýlanandygyny öňe sürüpdirler.
Prezident Si Jinping Hytaýyň söwdadaky we geosyýasatdaky global täsirini ýokarlandyryp biljek söwda başlangyçlary esasynda Pekine toplanan 29 lideriň gatnaşýan sammitinde Aziýada we Ýewropada terrora garşy hyzmatdaşlykdan başlap maliýe hyzmatdaşlygyna çenli has ýakyn hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Demirgazyk Koreýa 14-nji maýda ballistik raketa atanyndan soň, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Jinping Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagyndan alada bildirdi diýip, Putiniň sözçüsi aýtdy.
Türkmen telewideniýesi parahorluga baş goşandygyny aýdyp, wideokameranyň öňünde toba edýän, özüni ýazgarýan onlarça adamy, ozalky prokuratura işgerlerini we emeldarlary, olaryň ‘bikanun ýol bilen gazanan’ hem-de döwlet haýryna geçirilen emläklerini, pullaryny görkezdi.
Şu günler Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň ähli künjeklerinde öýsüz haýwanlary awlamak boýunça giň göwrümli çäre geçirýärler diýip, Aşgabadyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna habar berýärler.
Iki ýaşyndan kiçi bolan çagalaryň elinde köp wagtlap smartfon tutmagy, olaryň gepleşmek ukybyny peseldýär.
Türkmenistanyň öňki baş prokurory hem-de onuň bilen birlikde ýurduň prokuratura we içeri işler edaralarynyň 50 çemesi işgäri tussag astyna alyndy.
Belarusyň, Horwatiýanyň we Rumynýanyň aýdymçylary Ýewropanyň iň uly telewizion çäresi – Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek ýurtlaryň hataryna goşuldy.
Türkmenistanyň OPEK guramasyna girýän we girmeýän ýurtlaryň nebit öndürmegi azaltmak baradaky ylalaşygyna goşulmagy mümkin diýip, “Roýters” habar gullugy OPEK pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy türkmen telewideniýesiniň redaktorlary we operatorlary üçin, möhüm wakalary habar bermek boýunça ýörite okuw-seminaryny gurnady.
Rus sudy bloggeri YouTube wideolary, şol sanda ybadathanada “Pkemen go” oýnuny görkezmek bilenýigrenje meçew bermekde wedindarlaryň duýgularyny masgaralamakda günäli tapyp, türmä basmakdan boýun gaçyrdy.
Belarus bilen Türkmenistan özara haryt dolanyşygyny 500 million dollara çenli ýokarlandyrmagy niýet edinýär, şol bir wagtda Aşgabadyň Minsk bilen Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşydyryjy kombinat üçin doly hasaplaşmandygy aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp (Donald Trump) öz saýlaw kampaniýasynyň Russiýa bilen gatnaşyklarynyň derňewine ýolbaşçylyk eden Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeýi (James Comey) wezipesinden çetleşdirdi.
Türkmenistanyň maý aýynyň başynda işden boşadylan ozalky baş prokurory we onuň golasty işgärleri gurply adamlardan sentýabrda geçmeli Aziýa oýunlaryny maliýeleşdirmäge pul serişdelerini toplamagy üpjün edip bilmändikleri sebäpli wezipeleri bilen hoşlaşdylar.
17-nji we 28-nji maý arasynda geçirilmegi planlaşdyrylan 70-nji Kann halkara kino festiwalynyň esasy tapgyrynda bäsleşjek filmleriň sanawy aýan edildi.
Ýene-de ýükle