Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmen-eýran gaz dawasynda Halkara Arbitraž sudy Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy.
27-nji iýunda Marynyň baş metjidinde prezident Berdimuhamedowyň "pygamber ýaşyna" bagyşlanyp, ýaşulylaryň aýat-töwir okamak çäresi geçirildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşyny belleýän wagty, Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleri ony yslam dinine mahsus aňlatmalar we elementler bilen dabaralandyryp başlady.
Türkmenistanyň prezidenti golaýda welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew hem-de Döwletli etrabynyň häkimlerine, şeýle-de Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimine “berk käýinç” yglan etdi.
ABŞ-da ýaşaýan türkmen aktiwistleri we migrantlary, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 63 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasynda, 28-nji iýunda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde türkmen hökümetiniň we Berdimuhamedowyň alyp baýran syýasatyna garşy protest çäresini geçirdiler.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Magtymguly Pyragy baradaky söhbete gönükdirilýär.
Daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasy we hökümet barada sosial media arkaly özüniň syýasy garaýyşlaryny beýan edenden soň, häkimiýetler tarapyndan 16-njy iýunda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda saklanan 36 ýaşly aktiwist Murat Duşemow 26-njy iýunda boşadylyp, öý tussaglygyna geçirildi.
Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýörite gulluklary hukuk goraýjy aktiwist Nataliýa Şabuntsa gözegçiligi güýçlendirdi diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" habar berýär.
Ýene-de ýükle