Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, Russiýa bilen Saud Arabystany çig nebit önümçiligini azaltmak barada ylalaşyk gazanyp bilmese, nebit importlaryna tarifleri “bütinleý” girizjekdigini aýtdy.
Türkmenabadyň koronawirusyň ýaýramagyna garşy karantin zonasyndan gaçan raýatlara uly jerime ýa-da 1 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy garaşýar.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde alyjylardan azyk önümleriniň nyrhlaryny bank kartlary bilen tölemegi kabul etmän başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.
Türkmenistandan bolan 23 ýaşly geý Maksat (ady üýtgedildi) Orsýetde okaýardy. Şol ýerde hem oňa WIÇ-infeksiýasy ýokuşdy. Onuň deportasiýa edilmegine garaşyp durmazdan, okuwdan çykaryp, öz ýurduna ugratdylar, sebäbi WIÇ-infeksiýasy položitel netije görkezen daşary ýurtly Russiýada ýaşap bilmeýär.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany owgan türkmenleriniň koronawirusa garşy girişen göreşine gönükdirilýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Darganata etrabynyň bankomatlarynda bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän puluň möçberiniň 100 manada getirilendigini habar berýär.
Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 53 müňden geçdi, onuň 1 milliondan gowrak adama ýokuşandygy tassyklandy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.
Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany bir gün ozalkydan hemişe ýokary bolup, 2-nji aprelde olaryň sany 1 milliondan geçdi. Ýöne hakyky sanlar aslynda has ýokary bolsa näme?
Türkiýede ýasama arakdan ýogalan adamlaryň sany 2-nji aprelde 55 adama ýetdi diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär.
Türkmenistanda, ýitileşýän krizisiň we hususy telekeçilige girizilýän çäklendirmeleriň arasynda, döwlet edaralary bilen birlikde, hususy kärhanalar hem köpçülikleýin ýagdaýda işgär sanyny kemeltmäge başlady.
Aşgabadyň döwlet banklarynyň öňünde bank hasaplaryndaky pul serişdesini nagtlaşdyrmak isleýän telekeçileriň uly nobatlary döredi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.
Duşenbe şäheriniň Rudaki raýonynyň 27 ýaşly ýaşaýjysy Dilowarşo Şomirowyň ölümi köp sorag döretdi. Onuň jesedi şäheriň tekstil fabrigini golaýyndan tapyldy. Hökümetler owal başda ýaş ynsan insultdan ölendir diýdiler.
Türkmenistanda pensiýa haklary nagt tölenýän gartaşan raýatlaryň ýeňillikli durmuş üpjünçiligine degişli täze talap girizildi.
Türkmenistanda barha ýitileşýän maliýe krizisiniň we azyk gytçylygynyň arasynda döwlet kärhanalarynda iş orunlarynyň kemeldilmegi dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew pensiýa çykýandygy sebäpli wezipesinden gitdi. Ol bu Birleşme 2008-nji ýylda esaslandyrylanyndan bäri oňa ýolbaşçylyk edip gelýärdi.
Ýene-de ýükle