Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
2019-njy ýylyň aýagynda Hytaýyň Wuhan şäherinde täze koronawirus (COVID-19) peýda bolanyndan bäri, bu wirusa ýoluganlaryň sanynyň 74 müň adamdan aşandygy tassyklandy. Aşakdaky grafikde koronawirus beýleki ýokanç keseller bilen deňeşdirilýär.
Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden golaýda geçiriljek bag ekmek çäresi üçin 70 manatdan 100 manada çenli pul ýygnalyp başlandy.
Türkmenisanyň “TurkmenÄlem 52E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy 10-njy fewraldan bäri özbek telekenallaryny efire goýbermeýär. Bu barada Turkmen.News neşiri habar berýär.
Lebap welaýatynyň Farap we Saýat etrap gaz edaralarynyň resmileri ilatyň sarp eden gazy üçin tölegleri öz wagtynda almak çärelerini güýçlendirdiler.
MIGRASIÝA (at.): Ilatyň ýurduň içinde we daşynda göçmegi ýa-da bir ýerden başga ýere geçip, bolýan ýerini üýtgetmegi.
Gazagystanyň günorta regiony Žambulda polisiýa 11 adamyň başyna ýeten etnikara çaknyşyklara sebäp bolandygy çaklanýan “ýol gazaby” dawasy bilen ilteşiklikde, etniki dunganlara degişli üç dogany tussag astyna aldy.
Türkmenistan at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazdyrmak boýunça “Andrews Bowen Ltd” britan kompaniýasy bilen bahasy £1 mln funtlyk ylalaşyk baglaşdy. Bu barada “The Gazette” iňlis neşiri habar berýär.
Dünýäde täze koronawirusdan ýogalanlaryň sany tas 1900 adama ýeten mahaly, Birleşen Ştatlaryň we Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanalary Türkmenistanda bu wirus bilen bagly görülýän çäreler barada saglyk duýduryşyny ýaýratdy.
Hytaý, koronawirus krizisiniň fonunda, Türkmenistandan umumy bahasy 200 müň dollarlyk 1 million gorag maskasyny satyn aldy. Bu barada turkmenistan.ru internet neşiri Türkmenistanyň Haryt we çyg-mal biržasyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleriniň ýurtdan dürli sebäpler, şol sanda iş gözleginde Aşgabadyň halkara aeroportundan daşary ýurtlara çykmak isleýän raýatlardan “araçylaryň üsti bilen” para talap edýändikleri barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Täjigistanda Aýallaryň işi baradaky komitetiň bir bölüminiň ýolbaşçysy Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Nilufar Rajabowanyň işi bilen baglanyşykda käýinç aldy.
Gazagystanyň dürli regionlaryndan gelen onlarça protestçi paýtagt Nur-Sultana ýygnanyp, özleriniň “nädogry ipoteka kreditleri” we gazak kazylarynyň “ýalňyş” kazyýet kararlary diýilýänleri hakda öňki prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşmagy talap etdiler.
Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, Aşgabadyň we Marynyň döwlet dükanlarynda adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Aşgabatda satylýan towuk budy sanlyja adama ýetýär. Maryda un, ýag hepdede bir gezek satuwa çykarylýar.
Türkmenistanda häkimiýetler garamagyndakylary bir galypa salmak çärelerini täze talaplar bilen has berk güýçlendirip başlady.
Hytaýyň Wuhan şäherinden ýaýran koronawirus sport ýaryşlarynyň planlaşdyrylyşyna düýpli üýtgeşme girizdi. Ýokanç wirus sebäpli fewral-aprel aýlary aralygynda bellenen köp ýaryşlar ýatyryldy.
Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna, 2019-njy ýylda ýurduň “iň ýokary netije gazanan etraby” diýlip kesgitlenmegi mynasybetli, 1 million dollar möçberinde pul baýragy berildi.
Ýene-de ýükle