Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Eýrandaky etniki türkmen azlyklaryna türkmen adam atlarynyň gadagan edilmegi, bu gadagançylygyň milli azlyklaryň hak-hukuklaryna çapraz gelmegi we bu meseleleriň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň edilýär.
Dangara Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň kiçi watany saýylýar. Ol ýere soňky ýyllarda inwestisiýanyň uly bölegi goýberilip başlandy. Bu ilatly punkty welaýatyň administratiw merkezi etmek göz öňünde tutulýar.
Dünýäniň 35 töweregi ýurdunyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, howpsuzlyk liderleri we diplomatlary 14-nji fewralda öz işine başlaýan Mýunhen Howpsuzlyk Konferensiýasyna gatnaşýarlar.
Şu günler paýtagtyň orta mekdeplerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýetginjek ýaşlar bilen geçirjek duşuşygy üçin ýokary klaslaryň hataryndan okuwçy saýlanýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji fewralda habar berdi.
Maryda dowam edýän “arassaçylyk çäreleriniň” çäginde, şäheriň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri irden sagat 06:00-da işe başlap, gije sagat 23:00-a çenli işlemäge mejbur edilýärler.
10-njy fewralda Özbegistanyň Nowaýy şäherindäki «Gyzylgumsement» paýdarlar jemgyýetinden bir işçi aýal ýanwar aýy üçin aýlygynyň kadadakydan 2,5 az berleni üçin, zawodyň direktorynyň hem hasapçysynyň üstüne pyçakly topulýar.
Şu günler “FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde ýüzlerçe adam nobata durýar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy bu ýere üýşen adamlaryň Visa kart arkaly gazanç etmegiň gözleginde barýandygyny aýdýar.
Niderlandlar “Malaziýa howaýollaryna” degişli MH17 gatnawly uçary 2014-nji ýylda urup ýykmakda gümän edilýän russiýaly üç erkek adamy Moskwanyň özüniň sud etmek teklibini ret etdi. Bu heläkçilikde 300 töweregi adam wepat bolupdy.
Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Häzirki wagt ýollaryň gyrasynda ýerleşýän döwlet dükanlary, nobatlary ýaşyrmak üçin, alyjylardan diňe arka tarapdaky gapylarda nobata durmagy talap edýärler.
Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew we Darganata etraplarynyň ençeme obasy, raýatlaryň gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibillerini dökmek üçin niýetlenen, ýörite çelekler we ýerler bilen üpjün edilmeýär.
Täjigistanyň düzediş koloniýalaryndan bäş işgär hyýanatçylykda hem korrupsiýada aýyplanyp saklandy. 11-nji fewralda ýurduň Döwletmaliýekontrollygy agentliginiň hem korrupsiýa garşy göreş edarasynyň mälim etmegine görä, olar tussaglara saklanyş şertlerini gowulandyrmagy wada berip, para alypdyrlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew başga işe geçýändigi sebäpli wezipesinden boşadyldy.
Stambulyň türkmen migrantlarynyň arasynda meşhurlyk gazanan Aksaraý etrabynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy listowkalar peýda boldy. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etjekdigi aýdylýan sapary bilen baglylykda, Mary şäheriniň köçelerinde köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk we abatlaýyş işleri güýçli depginde dowam edýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň, ýetginjekleriň we dürli ýaşdaky adamlaryň köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirýändiklerini, bu ýagdaýyň olaryň saglygyna zyýan ýetirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda oba hojalyk pudagyna degişli zawod, fabrikleriň ençemesiniň işgärleri zähmet haklaryny alyp bilmän kösenýärler. Mary welaýatynda bolsa, býujet işgärleri öz bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler.
Aşgabatda çagalary mekdebe mobil telefonlary elten ene-atalara pul jerimesi salnyp başlandy. Bu waka Türkmenistanyň orta mekdeplerinde mobil telefonlary getirmäge we ulanmaga garşy gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri ýurduň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürýändiklerini gaýtalaýan wagty, lebaply daýhanlar ekin meýdanlaryny suwarmak üçin zerur bolan suwuň kadasyz üpjünçiliginden şikaýat edýär.
Ýene-de ýükle