Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Siriýadan çykarylyp getirilenlerden birnäçe aýal "terrorizm bilen gatnaşykly" diýlip, sud jogapkärçiligine çekildi. Oňa degmediler, ýöne onuň gaýyn enesi iki ogly bilen Siriýa gitmekçi bolanda saklanyp, indi türmede otyr.
Üstümizdäki ýylda garaşylmadyk ýagdaýda, Amerikanyň Ukrainadaky ilçisi hökmünde yzyna çagyrylan Marie Ýowanowiç kongresiň derňewçilerine özünde dörän duýgulara görä, prezident Donald Tramp tarapyndan özüne haýbat atylandygyny aýtdy.
«Manas» aeroportunyň golaýynda awtoulagyň ýük goýulýan bölüminden güýç bilen öldürilene meňzeýän adam jesedi tapyldy. Ondan öňki hepdede ‘dereksiz ýitdi’ diýilýän işewür adamyň jesedi aýan edilipdi. Bu ganly wakalar hökümete garşy tankydy güýçlendirdi.
Bir wagt Birleşen Ştatlarda öndürilen Abrams tanky bilen öz watanyna dolanmagy wada beren we 2017-nji ýyldan bäri öz meýline Ukrainada sürgünlikde ýaşan rus dissident žurnalisti Ukrainany terk etdi.
Ýüzlerçe adam çala gurlan jaýlarda ýa-da konteýnerlerde ýaşamaly bolýarlar, olary sowuk gyşyň ýakynlaşmagy howsala salýar.
Duşenbedäki № 4 tussaglar koloniýasyndan 558 adam amnistiýa bilen azatlyga goýberildi. Hökümetleriň maglumatyna görä, geçen iki günüň dowamynda iki müňe golaý tussag azatlyga çykypdyr, olardan 165 sanysy aýal.
Birleşen Ştatlar “Yslam döwletine” garşy söweşýän koalisiýany berkitmegi maksat edinýär. Muny 28-nji oktýabrda Amerikanyň döwlet departamentiniň ýokary derejeli bir resmisi aýtdy.
Täjigistanda geçen hepde yglan edilen köpçülikleýin amnistiýanyň 29-njy oktýabrda güýje girmegi bilen, tussaglaryň birinji topary azatlyga goýberildi.
Tankytçylary dymdyrmak üçin Sowet Soýuzynyň psihiatriýadan haýynlykly peýdalanmagynyň paş edilmegine goşant goşan, sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda Britaniýada aradan çykdy.
Özbegistanyň sosial ulgamynda ýaýradylan wideoda, mekdep okuwçysy özüni mugallymyň urandygyny gözýaş bilen gürrüň berýär. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, waka Andijan welaýatynyň Asaka raýonyndaky 30-njy mekdepde bolupdyr.
Gazagystanyň Türkistan oblastyndan bolan Marat Maulenowyň maşgalasy 2015-nji ýylda Siriýa gidip, söweşijilere goşulypdy. Onuň gyzy Aidany bäş ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Prokuratura ony “Yslam döwleti” toparyny goldanlykda aýyplady.
Täjigistanly dört bloger Youtube’de goýmak üçin, “Ýol ugrundaky jelepler reýdini” geçirenden soň, adamlaryň şahsy durmuşyna bikanun goşulyşmak aýyplamasy bilen suduň öňüne eltildi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan kürt söweşijileri Amerikanyň araçyllygynda atyşyklary togtatmak barada üstlerine alan borçlaryny ýerine ýetirmedik halatynda, demirgazyk-gündogar Siriýada alyp barýan harby operasiýasyny “has uly aýgytlylyk bilen” dowam etdirjekdigini aýdýar.
Gyrgyzystanyň jemgyýetçilik wekilleri ýurtda korrupsiýanyň häzirki derejesinden howsala galyp, munuň milli howpsuzlyga wehim salýandygyny aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň spikeri Nansi Pelosi, şeýle hem kongresiň ýokary derejeli beýleki agzalary öňünden yglan edilmedik sapar bilen 20-nji oktýabrda Owganystana bardylar.
Dünýä jemgyýetçiligi 17-nji oktýabrda garyplygy ýok etmegiň Halkara gününi belledi. Resmi maglumata görä, Gazagystanda iki million adam gedaýlyk çäginde ýaşaýar. Olaryň arasynda garyplyk hem işsizlik zerarly dilegçilik etmäge mejbur bolýanlary hem bar.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Ankarada türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşik geçireinden soň, Türkiýe kürtleriň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň serhet ýakalaryndan çekilmegi üçin demirgazyk Siriýada atyşygy bes etmäge razy boldy diýdi.
Ýene-de ýükle