Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Özbegistanyň parlamentiniň iki öýüniň bilelikdäki mejlisinde, nika hem maşgala toýlaryny, ýubileý dabaralaryny, şeýle-de merhumlaryň hatyrasyna berilýän sadakalary, maşgalada bellenýän beýleki çäreleri geçirmegiň düzgüni tassyklandy.
Aktöbeden 90 kilometrlikde ýerleşýän Kandyagaş şäheriniň ýaşaýjysy şu ýylyň maý aýynda «Žusan» ýörite operasiýasynyň çäginde, Siriýadan çykarylyp getirildi.
Daşkentde ýurduň öňki merhum prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň üstünden, ýene bir gizlin sud işi başlandy. Bu barada 16-njy sentýabrda onuň şweýsariýaly aklawçysy Greguar Manža (Grégoire Mangeat) öz Twitter'ine mälim etdi.
Tähran Birleşen Ştatlaryň Saud Arabystanynyň nebit öňümçiliginiň ýarpysyny hatardan çykaran hüjümiň, ýagny dünýäniň çig nebit üpjünçiligine ýeten iň uly päsgelçiligiň aňyrsynda Eýran dur diýýän aýyplamasyny ret etdi.
Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň Içeri işler departamenti şäheriň Ýunusabat etrabynda 25 ýaşly geý Şokir Şawkatowyň ölümi bilen bagly detallary ýaýratdy.
Samarkant şäheriniň administrasiýasy gytaklaýyn hem bolsa, Registan taryhy toplumynyň içki jaýynda gurnalan dabaraly mejlisden düşürilen wideoýazga düşündiriş berdi.
9-njy sentýabr gijesi Namangan welaýatynyň Namangan raýonyndaky eneler keselhanasy toplumynyň arka howlusyndan, 2-nji sentýabrda doglan iki gyz bäbegi diri wagtynda tapdylar.
Medianyň maglumatyna görä, Merkezi aňtaw gullugy (CIA) özüni prezident Wladimir Putin, şol sanda 2016-njy ýylky prezident saýlawlaryna Orsýet garyşdy diýilýän gürrüňler hakda ýokary dereje gizlin maglumatlar bilen üpjün eden bir rus raýatyny 2017-nji ýylda Orsýetden çykarypdyr.
Amerikan prezidenti Donald Tramp “Talyban” toparynyň iki liderini öz içine aljak gizlin duşuşygy goýbolsun edeninden bir gün soňra, Birleşen Ştatlar özüniň owgan parahatçylygy baradaky baş wekilini yzyna çagyrdy.
Fergana welaýatynyň Özbegistan raýonynyň aýallar keselhanasynyň lukmanlary çaga dogran birnäçe aýalyň ýerde ýatmaly bolandygyny boýun aldylar.
Kaşgaderýa welaýatynyň Guzar raýonyndaky Ýangikent obasynyň 50 ýaşyndaky ýaşaýjysy 26 ýaşly gelnini hem 2 ýaşly ogul agtygyny wagşylarda öldürmekde güman edilip saklandy.
Täjigistanyň serhet goşunynda dört aý gulluk eden soldat öýüne gelip, öz janyna kast etdi.
Ekstremizm hem terrorizm özüniň gerimi hem soňky netijeleri bilen adamzadyň gündelik möhüm aladasyna öwrüldi. Döwletler, şol sanda Gyrgyzystan bu hadysa garşy aktiw göreş alyp barýar, onuň garşysyna durmak üçin, täze ugurlary özleşdirýär.
Eýran 6-njy sentýabra çenli täze şertler teklip edilmän halatynda, Tähran 2015-nji ýylda dünýäniň güýçli döwletleri bilen baglaşylan ýadro geleşiginden çetleşmek üçin “berk ädim äder” diýip, Ýewropa döwletlerine duýduryş berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-27-nji awgust aralygynda Singapura sapar edýär.
Kiýew we Moskwanyň tussaglaryň çalşygyna taýýarlyk görýändigi we bu çäräniň çäginde her tarapdan 33 bendiniň beýleki ýurda tabşyryljakdygy barada habar berilýär. Bu tussaglaryň hatarynda Russiýanyň tarapyndan tussag edilen ukrain deňizçileriniň hem bolmagynyň ähtimalydygy aýdylýar.
Ýene-de ýükle