Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy öz döwletlerine has köp daşary ýurt sermaýasyny çekmek we has giň regional hyzmatdaşlygy isleýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öz gün tertiplerinde adam hukuklary meselesine esasy orun bermäge çagyrdy.
ABŞ Russiýanyň Sowuk Urşy döwrüniň ýaraglary çäklendirmek ylalaşygyna nä derejede ygrarly bolup galýandygyny ýeterlik derejede barlap bolmaýandygyny aýdyp, Moskwanyň bu ylalaşygy saklap galmak baradaky teklibini ret etdi.
Azerbaýjanly derňewçi žurnalist Hatyja Ismaýilowa korrupsiýa garşy göreş alyp barýan bloggeriň türmeden boşadylmagyna çagyryp, açlyk yglan eden aktiwistleriň toparyna goşuldy.
Öten ýyl günbatar Ukrainada Wengriýanyň medeni merkezine bomba bilen ot beren polşaly bu hüjüm barada özüne bir germaniýaly žurnalist tarapyndan görkezme berlendigini aýdýar. Bu žurnalist hem “Germaniýa üçin alternatiw” (AfD) atly partiýanyň parlamentdäki bir wekiline geňeşçi bolup işlän adam.
Aziýanyň kubogy ugrundaky çempionatda türkmen futbolçylary özbek toparyndan uly hasap bilen ýeňilip, öz toparyndan çykyp bilmediler.
Özbegistanda Türkmenistandan gelen ýük otlusynyň wagonlarynyň biriniň içinde partladyjy serişdeleri çykdy, diýip Sputnik-Täjigistan habar agentligi maglumat berýär.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), Waşingtonyň Siriýadan goşuny çykarmak baradaky kararyna garamazdan, ABŞ-nyň söweşden ejir çekýän bu ýurdy “eýran goşunyndan hem saplajakdygyny” aýtdy.
Prawoslaw hristianlary mukaddes güni garşylamak üçin 7-nji ýanwarda Moskwada, Beýtlahmde, Ierusalimde, Kairde we dünýäniň beýleki şäherlerinde ýygnanyp, Roždestwo baýramyny bellediler.
Ýiti ykdysady krizisi we azyk ýetmezçiligini başdan geçriýän Türkmenistan daşary ýurtlardan import edilýän azyk önümleriniň möçberini 27,5% azaltdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň esgerleriniň bir bölegini Owganystandan çykarmak meselesine “garaýar” diýip, wise-prezident Maýk Pense belledi.
Gazagystanyň regional sudy ýurduň uran läheňi “Kazatompromyň” ozalky başlygy Mukhtar Džakişewiň girew esasynda tussaglykdan boşadylmagyny ret etmek barada aşaky suduň çykaran kararyny öz güýjünde saklady.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp beýleki ýurtlary, aýratynam Russiýany, Pakistany we Hindistany Owganystandaky söweşlere has köp goşulmaga çagyrdy, şol bir wagtda-da Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň bu ýurtda uzak möhletleýin galmagynyň dowam etdirilmegine garşy çykyş etdi.
Täze ýylyň bosagasynda Russiýanyň Magnitogorsk şäherindäki bir köp gatly ýaşaýyş jaýyň çökmeginiň netijesinde 19 adamyň ölendigi tassyk boldy.
Orsýetiň alýuminiý ägirdi “Rusal” ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň deregine geçirilýän täzeden gurnalyş işleriniň çäginde ýolbaşçylar geňeşiniň Jean-Pierre Thomasy kompaniýanyň täze başlygy edip saýlandygyny aýdýar.
Prezident Donald Tramp Germaniýadaky ýaragly güýçlere degişli bir bazada amerikan esgerleri bilen salamlaşdy. Ol ondan öň öňünden yglan edilmedik sapar bilen Yraga baryp, ol ýerde ýerleşdirilan esgerler bilen duşuşypdy.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Moskwanyň Ukrainanyň belli fiziki we ýuridiki şahslarynyň garşysyna girizen sanksiýalaryny giňeltdi.
Orsýetiň jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän federal gullugy FSIN prokurorlardan Mordowiýanyň bir tussaghanasynda iş kesilen aýallaryň gulçulyk zähmet şertlerinden saklanýandygy baradaky habarlar hakda jenaýat işini gozgamagy sorady.
ABŞ mediasy Pentagona salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň esgerleriniň Siriýadan çekilmegi baradaky buýruga gol çekilendigini aýdýar. Prezident Donald Trampyň 19-njy dekabrda ýaragly güýçleriň Siriýadan doly çekilmegini planlaşdyrandygyny bildiripdi.
Türkmenistanda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýene-de ýükle