Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda howanyň gyzgynlygy 45 gradusdan aşak düşmeýän şu günlerde Aşgabadyň Dagdan stadionynda Garaşsyzlyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çäreleri başlandy.
Birleşen Ştatlaryň Eýranyň garşysyna gaýtadan girizýän sanksiýalarynyň birinji tapgyry güýje girdi. Waşington bilen Tähran hem agyr netijeli çäreler hakda birek-birege duýduryş bermegi dowam etdirýärler.
6-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibinde üç meselä, ýagny “regionlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek”, “möwsümleýin oba hojalyk işleri”, hem-de üstümizdäki “baýramçylyklara görülýän taýýarlyklar” barada gürrüň edilipdir. Maslahatyň dowamynda prezident Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryň häkimleriniň dördüsine birden käýinç yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy (TDH) maglumat berýär.
Türkmenistanda möwsümleýin gök-bakja ekinleriniň ýetişýän döwrüne garamazdan, ýurduň bazarlarynda bu harytlaryň bahalary günsaýyn gymmatlamagyny dowam etdirýär.
On ýyl mundan ozal Orsýetiň Tbilisi bilen arasyndaky bäş güne çeken urşuň esasy maksady “Gürjüstanyň döwlet gurluşyna” hüjüm etmekdi diýip, Gruziýanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwili aýtdy. Ol öz ýurdunda amala aşyrylan reformalaryň regiondaky beýleki döwletlere “nusgalyk” bolandygyny, bu ýagdaýyň bolsa Orsýetiň göwnünden turmandygyny öňe sürdi.
Birleşen Ştatlar özüniň Eýranyň garşysyna gönükdiren täze sanksiýalar toplumyny şu gün, ýagny 6-njy awgustda yglan eder. Bu sanawda walýuta çäklendirmeleri ilkinji hatarda durýar.
Öňi 77-lik bilen başlanýan ulaglaryň döwlet belgileri boýunça Türkmenistanda dowam edýän çäklendirmeleriň tolkuny Lebap welaýatyna-da baryp ýetdi.
“Yslam döwleti” topary indi ýok diýip, soňky birnäçe günlükde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Maýk Pens aýtdy. Halyfat ýykyldy. Ençeme ýyllap yslamçylaryň galasyna öwrülen Siriýada we Yrakda territoriýalaryň ýarysyndan gowragyna söweşijiler kontrollyk edýärdi. Olaryň bu ýurtlardaky ojagy dargadyldy.
Täze okuw ýylynyň başlamagyna az salym galanda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga hak gazanan käbir ýaşlaryň, ylaýta-da, gyzlaryň okuwa barýarka, Aşgabadyň aeroportunda yzyna gaýtarylýandygy baradaky habarlar gelmäge dowam edýär.
Aşgabat şäheriniň Çoganlydaky Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň edara jaýynyň howlusyna ýygnanan hususy awtoulaglaryň sany sanardan köp.
Soňky bir aýyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje, Görogly, Boldumsaz etraplarynyň merkezlerinde hem-de obalarynda günüň dowamynda elektrik togy we tebigy gaz üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 3-nji awgustda habar berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky komiteti Türkmenistanyň žurnalist Ogulsapar Myradowanyň öldürilmegine we gynalmagyna jogapkärdigi barada höküm çykardy diýip, “Open Society Foundations”, ýagny “Açyk jemgyýet guramalary” (AJG) habar berýär.
Eýranly ilçiniň oglunyň “göz gamaşdyryjy lýuks” toýunyň suratlary ýurduň elitasynyň çagalarynyň 82 millionlyk ilaty agyr ykdysady krizise duçar wagty sürýän döwrany barada pikir döredip, jemgyýetçiligiň tankydyna uçrady.
Demirgazyk sebitiň bu ýylky bugdaý plan borçnamasyny dolup bilmedik gallaçy kärendeçileri döwlete bergili çykansoň, olar plan borçnamasynda görkezilen bugdaýyň öwezini dolmaly edildi. Olaryň hatarynda pensiýasy bolan kärendeçiler alýan pensiýa haklaryny dolmadyk gallanyň öwezine döwlete geçirýär, pensiýasy ýoklar bolsa emläklerini satyp döwletiň öňünde dolup bilmedik bugdaý plan borçnamasynyň öwezini dolmaga çalyşýar. Bular barada adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly bir daýhan Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda “Yslam döwleti” atly toparyň harby merkezleri syndy. “Talyban” ýaraglylary başgaça “Daiş” diýlip atlandyrylýan “Yslam döwleti” (YD) toparyny Derzapda ýeňmegi başardy. “YD” toparynyň ýüzlerçe jeňçisi şu gün hökümet güýçlerine tabyn bolup, özlerini tabşyrdy.
Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde bir gatly maýyplar öýüni ýapyp, mümkinçiligi çäkli adamlary Maýyplar guramasynyň täze gurlan jaýyna geçirdiler.
Cable.co.uk saýtynyň analitikleriniň jemi 200 ýurtda ilata hödürlenýän Internetiň tizligini hasaplamak boýunça geçiren barlaglarynyň netijesinde Türkmenistan 198-nji orunda ýerleşdirildi. Geçen ýyl Türkmenistan bu barlagda 142-nji orny eýeläpdi.
Daşoguzda täze ulag satyn alan ýaşaýjylaryň eýýäm 2 aýdan gowrak wagt bäri döwlet belgilerini alyp bilmän kösenýändikleri barada maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady ysgynsyzlyk harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň, hem-de gurluşyk we hojalyk harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagyna getirýär. Bu ýagdaý ilatyň gün-güzeran aýlamagyna oňaýsyz täsir edýär. Bu barada Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi zerur harytlaryň bahalary bilen bilelikde 31-nji iýulda iberen maglumatynda habar berdi.
Täjik hökümeti 29-njy iýulda daşary ýurtly dört welosipedçiniň ölümine getiren hüjümiň arkasynda ýurtda gadagan edilen Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasynyň durandygyny aýtdy.
Ýene-de ýükle