Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda synasynyň mümkinçilikleri çäkli raýatlara, ýagny maýyplara döredilýän şertler ýaramazlygynda galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa 23-nji iýulda habar berdi.
Gyrgyzystanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, ýagny “Azattygyň” žurnalisti Ulanbek Egizbaýew aradan çykdy diýip, redaksiýa habar berýär. Ol 28 ýaşyndady.
Geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýeti Nýu-Ýorka sapar edip, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilen maslahatlara gatnaşdy. Şeýle-de, DIM-iň orunbasary BMG-niň baş-sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy, hem-de TOPH-yň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýty habar berýär.
Türkiýede okaýan türkmen student gyzynyň uçran heläkçiligi bu ýurduň halk köpçüliginde uly seslenme döretdi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp resmilere Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini güýzde Waşingtona duşuşyga çagyrmak boýunça tabşyryk berdi diýip, Ak tamyň metbugat wekili Sara Sanders aýtdy.
Soňky üç aýlykda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda onlarça müň dollarlyk gyzyl şaý-sepleri gizlinlikde geçirmäge synanyşýarka saklanyp, bikanun gyzyl söwdasyndan aýyplanmagyndan soň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem Aşgabadyň aeroportynda gyzyl şaý-sepli ýolagçylara gaty berk darap başlandygy habar berilýär.
Aşgabadyň Teke bazarynda eli çagaly zenanlar, garry eneler “Ahal” ýagynyň uly nobatlaryna durup, bir ele berilýän bir gap ýagy almak üçin gijeden bu bazaryň ýag satylýan azyk dükanlarynyň öňünde nobatlara durýarlar.
Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) agza 193 ýurduň hökümetleriniň 97 %-niň Twitter sosial ulgamynda resmi hasaplary bar, ýöne diňe alty ýurduň, ýagny Laosyň, Moritaniýanyň, Nikaraguanyň, Swazilandyň, Demirgazyk Koreýanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň Twitter ulgamynda resmi hasaby ýok diýip, halk bilen gatnaşyklary pudagynda global derejede iş alyp barýan düýbi Nýu-Ýorkdaky “Berson-Marstellar” kompaniýasy soňky çap eden “Twiplomatiýa” atly barlagynyň netijelerine salgylanýar.
Ak tam we ABŞ-nyň Döwlet departamenti rus prezidenti Wladimir Putiniň, eger Kreml tankytçysy William Browderi yzarlaýan rus prokurorlaryna birnäçe amerikany sorag etmäge rugsat berilse, amerikan prokurorlaryna 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşmakda aýyplanýan 12 orsýetlini sorag etmäge rugsat bermek baradaky teklibiniň üstünde ylalaşmaýar.
Takmynan 1 aý mundan ozal, Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşy we onuň maşgala agzalary Türkmenabat-Aşgabat arasynda gatnaýan bir uçary tutuşlygyna ýapdyryp, onda diňe özleri uçýar. Häkimiýetler bu reýsde uçmaly 160-dan gowrak ýolagçynyň ählisini uçardan düşürýär. Berdimuhamedowyň uçar ýapdyran garyndaşlary Köýtendaga syýahata baryp, şondan yzyna, Aşgabada dolanýan ekeni. Bu barada Azatlygyň biri-birinden garaşsyz çeşmeleri habar berdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, daşary ýurtlara eklenç gözlegine gidýän raýatlaryň aşa köpelmegi sebäpli Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynda ýerli häkimiýetleriň indi ýaşululardan kömek soramaga başlandygy habar berilýär.
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda on müňlerçe düýp agaç nahallarynyň oturdylýandygy barada metbugatda we radio-telewideniýede yzygiderli mahabatly maglumatlar berilýär.
Türkmenistanyň Howpsuzlyk gulluklary ýurda dolanan bir migrantyň telefonyny aeroportda barlap, ony namaz okap düşen suratynyň esasynda “terrorçy” diýip çaklapdyr. Bu barada şeýle ýagdaýlary başdan geçiren migrant Azatlyga ses ýazgy arkaly habar berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda dowam edýän galla oragyny “üstünlikli jemlemek” işleri alnyp barylýar. 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda türkmen prezidenti welaýat häkimlerine ýerlerde galla oragyny tamamlamak boýunça degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH habar berdi.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar, ýöne ozalky ýaly güýçli däl diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi 18-nji iýulda habar berdi.
Türkmenistanda bugdaý oragynyň tamamlanyp, döwlet harmanyna bir million tonnadan gowurak bugdaý tabşyrylandygy baradaky maglumatlaryň berilýän döwründe, ýurduň ähli ýerlerinde un gytçylygynyň aradan aýrylmaýandygy barada maglumatlar gelip gowuşmagyny dowam edýär.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady gowuşgynsyzlygyň hem-de azyk ýetmezçiliginiň fonunda, türkmen hökümeti ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýene-de bir pudagara topar döretmek barada karar kabul etdi. Bu barada “Trend” täzelikler gullugy Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” telekanalyna salgylanyp habar berýär.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren sammitinden soň, amerikan lideri dostlary we tankytçylar tarapyndan ýiti ýazgaryldy.
Türkmenistanda şu günler aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň derejesiniň kölegede 45 gradusdan ýokarydygyny, günüň aşagynda bu gyzgynlygyň 50 gradusdan hem geçýändigini görse bolýar.
Prezidentler Donald Tramp we Wladimir Putin Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky ýiti dartgynlaşan gatnaşyklary düzetmek boýunça özleriniň "ilkinji ädimleri ädendigini" aýdýarlar. Bu barada Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri Tramp mundan 18 aý ozal wezipä girişeli bäri iki ýurduň arasynda geçirilýän ilkinji sammitde çykyş etdiler.
Ýene-de ýükle