Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda walýutanyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş diýilýän çäreler berkliginde galýar. Häkimiýetler paýtagtyň hususy söwda nokatlarynda reýd geçirip, dükan eýeleriniň satuwa çykaran harytlaryny daşary ýurtlardan haýsy pula satyn alandygy barada düşündiriş soraýarlar. Bu çäreleriň fonunda ýaňy ýakynda 15 manada düşen 1 amerikan dollarynyň bahasy häzirki wagtda 17 manat 80 teňňä çykdy. Ýerli ilat munuň has-da gymmatlajakdygyny çaklaýar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 16-njy iýulda maglumat berdi.
Aşgabatda jaýlaryň ýumrulmagynyň täze tapgyry başlandy. Aşgabadyň “A.Niýazow” şaýoly bilen ozalky “Atabaýew” köçesiniň aralygynda, “Türkmenbaşy” şaýolunyň gündogar böleginde ýerleşýän onlarça ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp başlandy.
Fransiýada aşa sagçy güýçler bilen ilteşikli toparyň agzalary saklanypdyr.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen ýene birnäçe sagatdan özleriniň ilkinji ikitaraplaýyn duşuşygyny we 2010-njy ýylyň aprelinden bäri ilkinji hökümetara sammitini geçirerler.
18 aý mundan ozal Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine girişen Donald Tramp 16-njy iýulda Helsinkide Wladimir Putin bilen ilkinji gezek giň gerimli duşuşyk geçirýär. “Orsýetde bu hepde” atly rubrika bu sammitden nämeler garaşylmalydygy barada maglumat taýýarlady.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we rus prezidenti Wladimir Putin 16-njy iýulda, Helsinkide ilkinji gezek ikitaraplaýyn sammit geçirerler.
Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki welaýat merkezlerinde alkogolly içgileriň satylmagyna “dilden” gadagançylyk girizildi. Türkmen häkimiýetleri dükanlary we söwda nokatlaryny spirtli içgilerden ‘saplamak’ boýunça ýurduň çar künjeginde, hususan-da Aşgabatda iş alyp barýarlar.
Daşoguzda käbir ýangyç satylýan ýerlerde halkyň alýan benzininiň galplyk bilen kem berilýändigi we şol bir wagtyň özünde onuň hiliniň hem ýaramazdygy habar berilýär.
Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatda ýokary derejli bir resminiň öz garamagyndaky bugdaý planyny dolmadyk daýhan birleşikleriň başlyklaryny ýygnaklarda urýandygyny, olary paýyş sözler bilen köpçülikde kemsidýändigini habar berdi.
Türkiýeden Türkmenistana barýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan berk soraga we kämahal hem kanuny jogapkärçilige çekilýändigi habar berilýär.
Aşgabadyň Parahat 7 etrapçasynyň çäginde gurulýan metjidiň gurluşygynyň ahyrky tapgyrlarda alynyp barylýandygy göze ilýär. Emma, bu gurluşygyň tamamlanmagy üçin gerek bolan serişdeleriň hususy firmalaryň üstüne ýüklenýändigi barada hem maglumatlar aýdylýar.
Size azajyk ekonomika sapagyny bermegi makul bildim.
Soňky bir ýarym hepdäniň dowamynda Türkmenistanda yssy howa şertleri adamlaryň gündelik durmuşyna, olaryň saglyk ýagdaýlaryna täsir edýär. Temperaturanyň aşa ýokary galmagy ýurduň çäklerindäki garaýollara-da zyýan ýetirýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 11-nji iýulda maglumat berdi.
Husasan-da Günorta Kawkazda we Merkezi Aziýada bolup geçýän wakalara ünsi çekýän Eurasianet.org saýty eýýäm iki aýdan gowrak wagt bäri hepdäniň her sişenbe günleri “Ahal-Teke: Türkmenistan çapary” ady bilen Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklerden hepdelik habarlar ýygyndysyny taýýarlaýar.
“The Jamestown Foundation” aň-düşünje guramasynyň analisti, şeýle-de düýbi Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa – Kawkaz institutynyň gaýybana ylmy barlagçysy Jon Däliniň (John C. K. Daly) 9-njy iýulda birleşigiň “Eurasia Daily Monitor” neşirinde çap eden makalasynda türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna gysgaça syn berilýär.
Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ugrunda eýeleri seretmeýän, idegsiz düýeler ýol heläkçiliklerine sebäp bolýarlar. Olar diňe bir garaýoluň ugrunda däl, eýsem, Aşgabat – Daşoguz aralygynda hereket edýän demirýoluň ugrundaky otly gatnawyna-da wagtal-wagtal päsgelçilik döredýär. Bu barada Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy maglumat berýär.
Britaniýa günbatar Balkan döwletlerine “eden öňegidişliklerine abanýan howplary jylawlamaklary”, aýratyn-da, guramaçylykly jenaýatçyga we neşe gaçakçylygyna garşy alyp barýan göreşleri üçin olara berýän maliýe kömegini iki essä golaý artdyrjakdygyny aýdýar.
"Türkmenistanyň Hronikasy“ neşiriniň ýurtdaky öz çeşmelerine salgylanyp çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow, edaranyň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda olardan "Türkmenistandan daşary ýurda barýan we yzyna dolanýan raýatlara düzüw çemeleşmegi“ talap edipdir.
Aşgabadyň bazarlarynda etiň gytalýandygy äşgär duýulýar. Etiň gytalmagy bilen, onuň bahasy hem aşa ýokarlanýar.
Ýene-de ýükle