Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp hepdäniň dört gününi Nýu Ýorkda geçirýär. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasyndaky maslahatlara gatnaşýar, şeýle-de ol Demirgazyk Koreýa, Eýran, söwda söweşleri, ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly dürli meseleleri maslahat etmek üçin dünýä liderleri bilen duşuşyk geçirýär.
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis Eýranyň geçen hepde özüniň günorta-günbatar şäherindäki harby parada edilen hüjümiň aňyrsynda Amerikanyň durandygyny aýdýan aýyplamasyny “gülkünç” diýip, ret etdi.
Her ýyl abraýly Nobel baýragyny ýaňsa alyp geçirilýän Anti-Nobel baýraklarynyň dabarasynda 2018-nji ýylyň saglygy saklaýyş boýunça baýragyna böwrekdäki daşlaryň aşak gaçyrylmagy üçin seýilgählerde gurlan "şowhunly otlynyň” peýdalydygyny “äşgär” eden adamlara berlipdir.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleriniň şu gün habar bermegine görä, 24-nji sentýabrda prezident Berdimuhamedow ministler kabinetiniň, hem-de döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisini geçirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Täjigistanyň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan, ýagny TOT demirýol proýektini soňa goýmak planlaryna düşünmeýändigini aýdyp, täjik DIM-ine resmi hat ýollanyndan soň, resmi Duşenbe gürrüňi gidýän proýektiň durmuşa geçirilmeginden ýüz öwürmeýändigini aýtdy.
Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň habar bermegine görä, mejbury pagta ýygymy Lebap welaýatynda bir okuwçynyň öz janyna kast etmegine sebäp bolupdyr.
Prezident Donald Tramp öňümizdäki hepde BMG-de etjek çykyşynda Eýran, Angliýada Skripallaryň zäherlenmegi, himiki ýaraglar we Demirgazyk Koreýa barada gürrüň eder diýip, ABŞ-nyň ilçisi Nikki Halleý mälim etdi.
Geçen aý Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňünde bolan hadysa barada anonim täjik diplomaty Azatlyk Radiosyna 20-nji sentýabrda golsuz hat ugratdy. Hatyň Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň adyndan ýaýradylandygy aýdylýar, ýöne şol bir wagtyň özünde, ol resmi alamatlary özünde jemlemeýär.
Moskwa Siriýanyň howa hüjümlerinden goranyş güýçleriniň tötänlik bilen Orsýetiň bir gözegçilik uçaryny gündogar Ortaýer deňziniň asmanynda urup gaçyrandygyny habar berdi. Orsýet muny 15 sany rus harbysynyň ölmegine sebäp bolan Ysraýylyň oýlanyşyksyz hereketleri diýip atlandyrýar.
Türkiýäniň media serişdeleri Stambulyň Fatih etrabynda neşe öndürilip, satylýandygy güman edilen bir salga polisiýanyň gurnan operasiýasynda iki sany türkmenistanly raýatyň göz astyna alynandygyny habar berýär.
Siriýa konfliktinde gapma-gaşylykly taraplary goldaýan Orsýetiň we Türkiýäniň prezidentleri, Kremliň häsiýetlendirmegine görä, gozgalaňçylaryň Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky iň soňky güýçli ýeri bolan Edlib hakda pikir alyşmak maksady bilen 17-nji sentýabrda duşuşýarlar.
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Siriýada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Idlib welaýatynda geçiriljek giň gerimli harby çaknyşygyň “adam katastrofasyna” ýol açmak töwekgelçiligini özünde jemleýändigi 14-nji sentýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa aýdyp, oňa duýduryş berjekdigini mälim etdi.
Prezident Wladimir Putin Britaniýanyň ozalky içaly Sergeý Skripal hem-de onuň gyzyny harby zäher bilen zäherlemekde güman edýän adamlaryny Orsýetiň anyklandygyny aýtdy. Britan häkimiýetleriniň tersine, ol olaryň siwillerdigini öňe sürdi.
Eýsem, ýokary bilem almak isleýän türkmenistanly ýaşlaryň öňünde nähili alternatiwalar bar?
Halkara Jenaýat kazyýeti Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň “kazyýet Amerikanyň Owganystandaky işgärleriniň uruş jenaýatlary diýilýän hakda derňew geçirse, sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýen haýbatyna bir gün soňra jogap berip, öz “işlerini saklanman dowam etdirjekdigini” aýtdy.
Türkmenistanda başlanýan "Amul-Hazar 2018" awtorallisiniň gatnaşyjylarynyň arasynda, ozalky berlen habarlara garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady görkezilmändir.
Hytaý özüniň esasan musulmanlardan durýan azlyk ilaty bolan uýgurlara garşy “adam hukuklaryny bozmak boýunça köpçülikleýin, sistematik kampaniýa” alyp barýar diýip, “Human Rights Watch” guramasy aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna käýinç paýlady.
Waşingtonda ýaşaýan Tara Laskowski “Tomaşaçy” (“Bystanders”) we “Içiňizdäki şeýtanlaryňyz üçin döwrebap edep kadalary” (“Modern Manners For Your Inner Demons”) atly iki sany hekaýa ýygyndysynyň awtorydyr. 2010-njy ýyldan bäri ol “Smoke Long Quarterly” (Üç aýa çeken tüsse) atly sungat edebiýaty žurnalynyň redaktorydyr.
Ýene-de ýükle