Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýärler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ilkinji sammitiň 16-nji iýulda Helsinki şäherinde geçiriljekdigini Kremliň aýdandygyny Orsýetiň maglumat agentlikleri habar berýär.
Marynyň welaýat merkezi Mary şäherinden 25 kilometr günbatarda ýerleşýän Şatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylary awtoulag gatnawyndan aşa kösenýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanda häkimiýetleriň çanak antennalaryna garşy görýän çäreleriniň gerimi indi etraplara we oba ýerlerine-de baryp ýetdi. Olar ilat arasynda gürrüňdeşlik geçip, çanak antennalaryny gurmazlygy, mundan ozal bar bolan antennalary derhal aýyrmagy tabşyrýarlar.
Lebap we Daşoguz welaýatlarynda daýhanlar oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde döwletden zerur kömegi wagtynda alyp bilmeýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan welaýatlaryň ýerli ýaşaýjylary oba hojalyk pudagyndaky häzirki bärden gaýtmalar barada maglumat berdiler.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça barlag geçirip, onuň netijelerini çap etdi. Aşgabat bu sanawda bahalaryň amatsyzlygy boýunça 209 şäheriň arasynda Awstriýanyň paýtagty Wenadan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabiden we ýene-de iki şäherden soň dünýädäki iň gymmat 43-nji şäher hökmünde agzalýar.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirmek üçin, Moskwa sapar edýär.
25-nji iýunda Radio Free Asia neşiri Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gaz söwdasynyň ugry, Hytaýyň energiýa “teşneligi” we oňa Merkezi Aziýadan barýan gaz geçirijileriň çäkli kuwwatlylygy barada makala çap etdi.
Häkimiýetler Hindistanda altyn gaçakçylygynda güman edilip saklanan türkmenistanlylary ýurda ekstradisiýa etdirmegiň ugrunda işleýär. Bu barada Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi 26-iýunda maglumat berdi.
2016-njy ýylda ABŞ-da geçen prezident saýlawlarynda Donald Trampyň bähbidine alnyp barlan propaganda işleriniň maliýeleşdirilmegine kömek edenlikde aýyplanylýan bir ors kompaniýasy ýörite geňeşçi Robert Mueller tarapyndan öz garşysyna gozgalan kazyýet işiniň togtadylmagyny sorap, Birleşen Ştatlaryň bir kazysyna ýüz tutdy.
Hytaýda elit uniwersitetler bilen ýokary okuw jaýlarynyň galan böleginiň arasyndaky aratapawut barha atrýar. Bu dünýädäki uniwersitetleriň "Times Higher Education” (THE) atly reýtinginiň netijesinde äşgär bolupdyr.
25-nji maý güni düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasynyň Berlindäki edarasy “Rohde & Schwarz” atly nemes kiberhowpsuzlyk firmasynyň Türkmenistan bilen gatnaşygy dogrusynda aladalaryny beýan edip, maglumat çap etdi.
Türkmenistanyň prezidentiniň oglunyň Lebabyň merkezi şäherine gelmegi netijesinde, Türkmenabadyň esasy ýollarynyň ählisi ençeme günläp ýapyldy, şeýle-de şäheriň belli-belli böleklerinde jemgyýetçilik durmuşy doly togtadyldy.
Türkiýänň Saýlaw komissiýasy häzirki ýurt baştutany Rejep Taýyp Erdogany prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi diýip, yglan etdi.
Eýranyň nebit ministri gara altynyň önümçiligini ep-esli artdyrmak boýunça Orsýet bilen Saud Arabystanynyň öňe sürýän teklibi boýunça geçirilýän gepleşiklerden çekildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar ýurtda dowam edýän gytçylykdan şikaýat edýän wagty, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan bir websaýt Türkmenistanda azyk-haryt bolçulygynyň dowam edýändigini aýdyp, 20-nji iýunda maglumat çap etdi. Onuň ertesi güni, 21-nji iýunda Özbegistanyň telewizion kanallary türkmen ykdysadyýetindäki kynçylyklar barada taýýarlanan reportažy efire berdi.
"Newsweek" atly hepdelik amerikan žurnaly dilçi alymlaryň golaýda geçiren täze barlagyndan söz açýar we muňa salgylanyp çagalaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge 10 ýaşyndan owal başlamalydygyny nygtaýar.
Ýene-de ýükle