Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Pakistanyň korrupsiýa garşy sudy ýurduň ozalky premýer ministri Nawaz Şairifi, onuň Londondaky gymmat bahaly jaýlardan satyn almagy bilen bagly gozgalan iş boýunça 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, prokuror Sardar Muzaffar Abbas aýtdy.
Beýik Britaniýanyň abraýly neşirlerinden “The Economist” gazetinde “Turkmenazuella, ýa-da Türkmenistan halkyň köpçülikleýin ýurdy terk etmegine ‘aýaýyp’ çözgüt tapdy” ady bilen düýn çap edilen makalada Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis we ýurdy terk edip, daşary ýurtlardan haraý gözelýän türkmenistanlylar barada gürrüň edilýär.
Türkmenistanyň prezidenti ösüş sanlary barada gürrüň edip, şol bir wagtda-da ýurduň ykdysady we senagat resmilerine käýinç yglan etdi.
Birleşen Ştatlaryň Eýranyň nebit eksportyny togtatmak baradaky synanyşyklary sebäpli, Amerika bilen Eýran birek-birege duýduryş berýärler. Tähran Pars aýlagyndan geçýän nebit tankerleriniň öňüni almak bilen bu herekete özüniň jogap berip biljekdigini aýtdy.
Demirgazyk Kiprde aýal doganynyň adamsy tarapyndan zorlanan 26 ýaşyndaky Ý.R. atly türkmenistanly migrant gyzyň polisiýa arz-şikaýatyndan soň tussag edilen 38 ýaşyndaky Türkmenistanyň raýaty Ahmet Orunow baradaky derňew işi tamamlandy.
Orsýetiň käbir žurnalistleri we bloggerleri daşary ýurt agentleri hökmünde belgilemek çäreleri häkimiýetleriň maglumatyň erkin akmagyna garşy alyp barýan “sistemalaýyn syýasatynyň” soňky ädimleriniň biridir diýip, Žurnalistleri goraýan komitet aýdýar.
Genetika taýdan semregen adamlaryň çilimkeşlige has köp gönükmek endiginde bolýandygy bildirilýär.
Düýn Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky habarçysyna salgylanyp, Owganystanyň Badgys welaýaty bilen araçäkleşýän Mary – Serhetabat (ozalky Guşgy) – Tagtabazar türkmen serhedinde ýüze çykan atyşykda 25-e golaý türkmen esgeriniň wepat bolandygynyň aýdylýandygyny habar berdi.
Orsýetde bilim alýan türkmen talyplary özleriniň türkmen banklaryndan alan VISA kartlary bilen bagly kösençlikleriň dowam edýändigini habar berýärler. Efirde adynyň atlandyrylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden habarlaşan türkmenistanly bir talyp özüniň kartyndan alyp bilýän pulunyň juda çäklidigini gürrüň berdi. Üstesine, ol talyplaryň plastik kartlaryny bankomat “ýuwudan” halatynda özleriniň juda çykgynsyz ýagdaýlara duçar bolýandygyny, şeýle ýagdaýlarda türkmen banklarynyň örän çylşyrymly çykalgalary maslahat berýändigini aýtdy.
“New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO ýaranlarynyň birnäçesine, şol sanda Belgiýanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň we Nowegiýanyň liderlerine hat iberip, olaryň goranyş üçin edýän çykdajylarynyň juda azdygyny aýdypdyr.
Üç hepde mundan ozal Owganystanyň Badgys welaýaty bilen Mary – Serhetabat (ozalky Guşgy) – Tagtabazar türkmen serhedinde ýüze çykan atyşykda 25-e golaý türkmen esgeriniň wepat bolandygy habar berilýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy maglumat berdi.
Ýerli medianyň habarlarynda Eýranyň günorta-günbatar welaýatynda agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi sebäpli protest geçirýän ýüzlerçe demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk turandygy aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri golaýda Türkmenistanda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Ömruzak Omarkulyýewiň aradan çykan kakasynyň mazaryna mazar daşyny ýa-da islendik belgini oturtmagy gadagan etdiler. Bu barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanda işsizligiň artmagy, azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň aşa ýokarlanmagy ilatyň sosial taýdan goraglylygynyň pese gaçýandygyny äşgär görkezýär.
Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatda peýda bolandygy aýdylýan sakyrtgadan ýokanç wirusyň ýaýraýandygyny habar berýär. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, bu wirusdan adam ýitgileriniň-de bolandygy öňe sürülýär.
Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýärler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ilkinji sammitiň 16-nji iýulda Helsinki şäherinde geçiriljekdigini Kremliň aýdandygyny Orsýetiň maglumat agentlikleri habar berýär.
Marynyň welaýat merkezi Mary şäherinden 25 kilometr günbatarda ýerleşýän Şatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylary awtoulag gatnawyndan aşa kösenýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanda häkimiýetleriň çanak antennalaryna garşy görýän çäreleriniň gerimi indi etraplara we oba ýerlerine-de baryp ýetdi. Olar ilat arasynda gürrüňdeşlik geçip, çanak antennalaryny gurmazlygy, mundan ozal bar bolan antennalary derhal aýyrmagy tabşyrýarlar.
Ýene-de ýükle