Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
“Howa sähel garalanda ýyldyrym çakyp, gök gürläberse [kabel] telewideniýe arkaly tomaşa edilýän gepleşikleriň sesi gidýär, soňra telewizoryň ekranyna kerpiç ýaly şekiller çykyp, şekil doňýar” diýip, paýtagtyň ýaşaýjylaryna hökümetiň hödürleýän kabel telewideniýe hyzmatlary boýunça Azatlyk bilen 2-nji aprelde söhbetdeş bolan aşgabatly çeşmämiz gürrüňe başlaýar.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Polisiýanyň jenaýaty agtaryş bölüminiň gullukçylary şäherdäki söwda nokatlaryna aýlanyp, Gazagystanda öndürilen unlary satýan dükan eýelerini we satyjylary soraga çekýär diýip, paýtagtdaky habarçylarymyz 2-nji aprel güni maglumat berdi.
Orsýetiň Kemerowo regionynyň gubernatory söwda merkezinde dörän we 64 adymyň, şol sanda onlarça çaganyň başyna ýeten ýangyndan soňra, iş başyndan çekildi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, raýatlaryň eklenç gözleginde zähmet migrantlygyna gidýän ýurtlarynyň köpelip başlandygy öňe sürülýär.
Soňky hepdäniň dowamynda, Aşgabadyň bazarlarynda hili ýaramaz ýa-da ulanyş möhleti geçen azyk önümleriniň satuwda gabat gelýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.
Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi soňky hepdelerde Aşgabada işlemäge gidýän daşoguzlylaryň köpelip başlandygyny, emma olaryň köpüsiniň paýtagtdaky gurluşyk kärhanalaryna işe ýerleşjek bolanlarynda “para talaby” bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny habar berýär.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Azerbaýjana we Türkmenistana eden saparyndan dolanyp gelen mahaly Horasan welaýatynyň häkimi Razawi Türkmenistandaky eýranly tussaglaryň hemmesiniň türmeden boşadylandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu baradaky degişli karara Serdaryň prezident kakasy – Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary 30-njy mart güni irdenden bäri dowla düşýär. Bu dowla halk arasynda ýaýraýan “ýakyn wagtda ýer titreme boljakmyş” diýen myş-myşlar sebäp bolýar.
Bütindünýä saglyk guramasy, Bütindünýä banky we beýleki käbir halkara guramalaryň maglumatlaryna salgylanyp dünýä ilatynyň ýurtlara görä ömrüniň dowamlylygy boýunça statistiki hasabatlary çap edýän “World Life Expectancy” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýurtda ýangyn hadysasynda wepat bolýanlaryň sany boýunça 172 ýurduň hatarynda Madagaskar, Merkezi Afrika we Benin ýaly döwletleriň edil yzynda 36-njy ýerde ýerleşdirilýär.
Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistandan iş wadasy bilen getiren migrant zenanlarynyň we olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň ýörite katalogyny taýýarlap, olary ten söwdasyna mejbur edýän "Kedi Ismail" lakamly adamyň ýolbaşçylygyndaky guramaçylykly jenaýat toparyna garşy türk polisi Stambulda operasiýa gurnapdyr.
Orsýetiň Daşary ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň we Orsýetiň güýçleriniň galan gozgalaňçylaryň aglabasyny gündogar Goutadan çykarandygyny we Damaskyň töweregindäki etraplaryň 90 prosentine hökümetiň kontrollyk edýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar nobatdaky gezek deputatlyga saýlandy.
2018-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, döwlet tarapyndan berilýän pensiýalary, posobiýeleri, maýyplyk kömek pullaryny bankomatlardan almaklyk ýola goýuldy.
Öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň ýegeni Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň nerwleri ysmaz edýän hüjümden aman galmagy üçin örän ujypsyz şansyň, ýagny umydyň bardygyny aýtdy.
Aşgabat şäherinde protokol köçeleriň, ýa-da bu köçelere ýanaşyk ýollaryň ugrunda awtoulaglary goýmak boýunça häkimiýetleriň girizen gadagançylygy öz güýjünde dowam edýär we soňky döwürde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň bu düzgün boýunça gözegçiligi güýçlendirendigini Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 29-njy martda ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda daşary ýurtlara eklenç gözlegine çykyp, Türkiýäniň döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip, Ýewropa gitmäge synanyşyk edýärkä ele salynýan türkmenistanly bosgunlar barasynda, türk mediasynda habarlar çykýar.
Aşgabadyň Parahat-7/1 etrapçasynyň 19-njy jaýynyň 3-nji hem 4-nji girelgeleriniň ýaşaýjylary indi saýlaw gününden bäri ýyladyş ulgamynyň kesilmeginden kösenýärler.
27-28- nji mart aralygynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistana resmi sapary amala aşyrýar. Türkmenistanyň resmi metbugatynda iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda netijeli gepleşikleriň geçirilýändigi aýdylýar.
Orsýetde 28-nji martda Kemerowo şäherindäki ýangynda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi. Kemerowo şäheriniň “Zimnýaýa wişnýa” atly uly söwda merkezinde 25-nji martda bolan ýangynda wepat bolan adamlaryň jaýlanyş çäreleri başlandy.
Ýene-de ýükle