Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Amerikanyň ýadro ýaraglaryna eýe ýurtlaryň arasynda “iň ýokary orunda” durmalydygyny aýdyp, özüniň ýurduň ýadro arsenalyny güýçlendirmek isleýändigini duýdurdy.
Türkiýäniň eksport edýän harytlarynyň Aşgabatda guralan sergisi öz işini tamamlady we şu aralykda Türkmenistanyň soňky bäş ýylda Türkiýeden iň kän ýarag satyn alýan ýurda öwrülendigi belli boldy.
Türkmenistanyň prezident saýlawyndan soň dargadylan hökümetiniň harby we kanun goraýjy ýolbaşçylarynyň hemmesi täze hökümete girizildi, ýagny öňki wezipelerine gaýtadan bellenildi.
Türkiýäniň bilim ministrligi başlangyç we orta bilim berýän mekdepler bilen liseýler üçin magaryf ýörelgesine täze üýtgeşmeler girizdi.
Amerikan senatynyň Aňtaw komitetiniň bir agzasy Orsýet bilen mümkin bolan ilteşikler hakda prezident Donald Trampyň salgytnamalarynyň barlanmagy üçin, kazyýetiň höküminden peýdalanmaga özüniň garşy däldigini aýdýar.
Gazagystanyň Energiýa ministrligi ýurduň gazyny Hytaýa akdyrmak boýunça öň mälim edilen planlaryny tassyklandygy habar berildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Gurmasy (YHHG) we adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” halkara guramasy Türkmenistanda iki ýarym aýlap türmede saklanan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň we onuň Ejesi Gurbantäç Arazmädowanyň iki ýarym aýdan soň türmende çykarylmagy bilen baglylykda 22-nji fewralda beýannamalary çap etdiler.
21-nji fewralda Moskwada, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň duşuşygy boldy.
«Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proekti Türkmenistandaky «Ruhnama» otaglarynyň «Mälikguly otaglaryna» öwrülendigini, ol otaglardaky köne prezident portretleriniň we kitaplarynyň häzirki prezidentiň portretleri we kitaplary bilen çalşyrylandygyny habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowa iki ýarym aýlyk türme tussaglygyndan soň boşadyldy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew öz aýalyny birinji wise-prezident edip belledi. Täze döredilen wezipe boýunça Alyýew aradan çykan ýa ýarawsyz bolan halatynda iş başyna onuň aýaly gelýär.
Türkmenistanyň sudy geçen ýylyň oktýabr aýynda türk oppozisioneri bilen gatnaşykda aýyplanyp, tussag edilen 30-dan gowrak adamy uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.
Şeýle reklamalary ýaýradýan "Amazon" başda birnäçe dini gurama bilen maslahat geçiripdir.
“New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, Orsýetiň tarapyny çalýan ukrainaly bir oppozision kanunçykaryjy gündogar Ukrainada barýan konflikt hakda prezident Donald Trampyň adwokatynyň goldawy bilen, onuň administrasiýasyna alternatiw parahatçylyk planyny teklip edipdir.
Türkmenistanda mekdep okuwçylary syýasy-jemgyýetiçlik çärelerine, sport wakalaryna we beýleki köpçülikleýin dabaralara ýygy-ýygydan gatnaşdyrylýarlar.
Türkmen mediasy daşary ýurtly syýasatçylaryň Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýandygyny habar berip,Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Lamberto Zanieriň hat ýollandygyny habar berdi.
Musulman jemgyýetleri etniki we mezhep taýdan biri-birinden tapawutlydyr we şonuň üçinem döwletiň kesgitlän kadasynyň esasysyna – umumy ugry we maksatlary bolan bir bütewi dini gurama eýe däldir.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Floridada, öz sözleri bilen aýdanyňda «kampaniýa» ýygnanyşygyny geçirende, media edýän hüjümini täzeledi we «gelýän birki günde» täze milli howpsuzlyk geňeşçisi hakynda karara geljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ýaşulular maslahatynyň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, ýagny ony parlamentden hem ýokarda goýmagy nazarda tutýar.
NATO agzalary bolan Horwatiýa we Albaniýa Serbiýanyň Kosowanyň howpsuzlygyna we tutuş Balkanlaryň durnuklylygyna barha kän wehim salýandygyny duýdurýar.
Ýene-de ýükle