Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Azerbaýjanda tussaglykdan boşap, goňşy ýurda giden we hökümeti tankytlamagyny dowam etdirýän oppozisiýa blogçysy gaçybatalga soraýan ýerinde, Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside öli tapyldy. Emma ýerli polisiýa onuň ölümi barada häzirlikçe hiç bir beýanat çap etmedi.
Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynda kärende ýerlerinden ikinji hasyl almakçy bolýan käbir daýhanlaryň ekin meýdanlary häkimiýetler tarapyndan sökülýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Türkmenabatda 27-nji mekdebiň uçurymy Kemran Meftyýew öz janyna kast etdi diýip, turkmen.news neşiri habar berýär. Neşiriň çeşmelerine görä, ýaş oglan özüni 23-nji iýulda bir köp gatly binadan aşak oklapdyr. Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki çeşmesi bu maglumaty tassyklady.
16-njy iýulda tussag edilen doktor Hursanaý Ismatullaýewany kezzapçylykda aýyplaýarlar. "Tukmen.news" 2020-nji ýylda dört ýyl azatlykdan mahrum edilen Nurgeldi Halykowyň, 2016-njy ýylda üç ýyl azatlykdan mahrum edilen Gaspar Matalaýewiň garşysyna ulanylan maddanyň ýene 'gerek' bolandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi temmäki önümleriniň täze söwda kadalaryny kabul etdi. Bu kadalara laýyklykda, çilim söwdasy bilen diňe Söwda ministrliginiň wekilleri meşgullanmaly we elektron çilimleriň, süzgüçsiz çilimleriň söwdasy doly gadagan edilýär.
"Turkmen.news" Türkmenistanda iş, hünär haklaryny talap edeninden soň tussag edilen we 12 gün bäri nirededigi bilinmeýän lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň, belki-de ätiýaç edip, baryp geçen ýylyň aýagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa wideoýüzlenme ýazyp goýandygyny habar berýär.
Gytçylygyň sebäbi daşary ýurtlardan import edilýän et önümleriniň kesilmegi, ýurt içindäki maldarçylygyň öňki ýyllara garanda has pese düşmegi, maldarçylyk fermalarynyň köpüsiniň ýapylmagy, hojalyklarynda mal saklaýan adamlaryň, işikde bakylýan mallaryň düýpli azalmagy bilen düşündirilýär.
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän sportçy Polina Gurýewa Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň 27-nji iýulda geçirilen bäsleşiklerinde kümüş medal gazandy.
Mary welaýatynyň türkmen-owgan serhet ýakalarynda ýerleşýän Serhetabat we Tagtabazar etraplaryndan bolup, Baýramaly şäherinde telekeçilik bilen meşgullanýan käbir telekeçiler öz maşgalalaryny serhet ýaka sebitlerden göçürmek üçin tagalla edýärler.
Ýene-de ýükle