Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurduň 18 ýaşdan ýokary ýaşaýjylaryndan hökmany COVID-19 waksinasyny kabul etmegi talap edýär.
Human Rights Watch gazak häkimiýetlerini hökümet tankytçylaryny gorkuzmak we jogapkärçilige çekmek üçin “ekstremizm” jenaýaty bilen bagly gümürtik we artykmaç jenaýat aýyplamalaryndan barha köp hyýanatly peýdalanmakda aýyplady.
Türkmenistanda täze içeri işler ministriniň wezipä bellenilmegi bilen, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurtda raýatlaryň hereketine girizilen çäklendirmelere gözegçiligiň güýçlendirilýändigini habar berýärler.
Hepdäniň ahyrynda Demirgazyk Owganystanda “Talybanyň” hüjümleri ýygjamlaşdy. Gozgalaňçylar has köp etrapda gözegçiligi ele geçirip, bir welaýat merkeziniň daşyny gurşady, owgan hökümetiniň ýüzlerçe harbysyny Täjigistana gaçmaga mejbur etdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary aradan aýyrmak üçin Aşgabatda subsidirlenen iýmit önümleriniň öýlere eltilip berilmegi dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Ýene-de ýükle