Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
“Tomaşaçylary "Egniňe almak” filmi haýran galdyrdy. Adamlar ony görmek üçin, janyny töwekgellige salmaga taýýar” diýip, žurnalistler 1918-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda, Çarli Çapliniň täze filmine buýsanç bilen kommentariýa ýazdylar.
Edebi çeşmelerde geçmişde türkmen halkynyň arasyna aralaşan ýokanç keselleriň yzlary
8-nji aprelden başlap Aşgabatda ilatyň bank kartlaryndaky pullaryny diňe kartyň açylan banklaryna degişli bankomatlardan nagtlaşdyrmaga rugsat berler.
9-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Koronawirus pandemiýasynyň käbir global gyzgyn nokatlarda ýokary derejä çykyp başlandygy baradaky deslapky alamatlara global ykdysady çökgünlik we jemgyýetçilik tolgunyşyklary baradaky hopukdyryjy çaklamalar kölege salýar.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň fonunda, 100-den gowrak türkmen raýaty Hindistandan Türkmenistana dolanyp bilmän kösenýär. Olaryň Türkmenistanyň Nýu-Delidäki ilçihanasyndan kömek sorap edýän haýyşlary netije bermeýär.
27-nji martda Duşenbe şäheriniň 32 ýaşly meri Rustam Emomali, prezident Emomali Rahmonyň ogly Täjigistanyň parlamentiniň ýokary palatasyna – Milli Mejlise saýlandy.
Aşgabadyň häkimiýetleri wirus keselleriniň öňüni almagyň zerurdygyny aýdyp, orta mekdepleriň mugallymlaryndan dermanlar üçin pul ýygnaýarlar. Şeýle-de, olar okuwçylardan dezinfeksiýa serişdelerini ýanlary bilen mekdebe getirmegi talap edýärler.
Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1,4 milliondan aşan mahaly, bu wirusdan ölenleriň sany 82 müňden geçdi. Hökümetler bu wirusyň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklaryny dowam etdirýän mahaly, bu çäreler köpçülikleýin bökdençlikleriň döremegine hem getirýär.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň satuwyny yzygiderli çäklendirýärler. Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň käbirinde her iki günde bir gezek çäkli möçberde satylan "Ahal" ýagy indi bir hepde arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykaryldy.
Izolýasiýa we karantin çäreleri ýokanç keseli bolan ýa-da bolmagy ahmal adamlara ýantaşylmagynyň öňüni alyp, köpçüligi ýokançdan goramaga ýardam berýär. (Çeşme: ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri / CDC)
Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen girizilen hereket çäklendirmelerinden “girdeji çeşmesi” hökmünde peýdalanýanlar barada habarlar gelip gowuşýar.
Koronawirus soňky ýüzýyllykdaky dünýäniň iň möhüm göreşine öwrüldi. COVID-19wirusynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, döwletler arasynda berk kesgitlenen görkezmeleriň ýokdugy sebäpli, beýleki birlerine garanda, käbir ýurtlar bu ugurda uly üstünlik gazanyp bildiler.
100-den gowrak global gurama we haýyr-sahawat gaznalary dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmeklerine ýardam bermek üçin olaryň karz tölegleriniň ýatyrylmagyna çagyryş etdi.
“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Mary welaýatynyň häkimlik binasynyň öňünde 30 töweregi aýal adamyň gatnaşmagynda 4-nji aprelde bolan ýene bir nägilelik çäresi barada habar berýär.
Ýene-de ýükle