Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Aşgabadyň dükanlarynda towuk budunyň gytçylygy saklanyp galýar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy şu günler paýtagtyň Teke bazaryndaky döwlet dükanynda daşary ýurtlarda öndürilen towuk budunyň çäkli möçberde satuwa goýberilýändigini aýdýar.
Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda ýaşy 40-dan aşan erkek işgärlere saçlaryny gara reňke boýamak gadagan edildi.
Ýaş maşgaladaky ilkinji doglan çagany onuň kakasynyň hossarlaryna terbiýä bermek däbi ýüzlerçe ýyldan bäri dowam edip gelýär. Bu däbiň tarapdarlarynyň pikirine görä, ene-atasynyň elinde terbiýe alan çagada dürli taraplaýyn ösüşler bolýar hem başgalaryň aladasyny etmegi başarýar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtonyň Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky kararyny ýene bir gezek tassyklamak bilen özüniň gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa eden saparynyň ahyrky gününe girişdi.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işlerini geçirip, haşal otlary çapýarlar we ýollarda bejeriş işlerini geçirýärler.
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky we Marydaky şahamçalarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň elipbiý aladalaryna gönükdirilýär.
Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçada ýaşaýyş jaýlary ýykylan maşgalalaryň onlarçasyna hökümet tarapyndan ýaşamaga ýer ýa-da kompensasiýa berilmedi. Bu barada jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň onlarçasy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Aşgabadyň kafelerinde we restoranlarynda dürli tagamlary taýýarlamak üçin sazagyň odunyndan köpçülikleýin bikanun peýdalanylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.
Mary welaýatynyň Raboçi, Gökje, Muhadow we Komunizm daýhan birleşikleriniň Mary şäherine birleşdirilmegi netijesinde, şu günler bu sebitiň ýaşaýjylary özleriniň ähli resminamalaryny gyssagly täzelemäge mejbur bolýarlar.
Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy. Tomaşaçylarda täsir galdyran medeni wakalaryň biri 16-njy ýanwarda bellenýän "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe gabatlanyp geçirilen konsert boldy. Bu çäre 18-nji ýanwarda "Türkmenistan" kinokonsert zalynda geçirildi.
Hytaýda peýda bolan täze koronawirus sebäpli “Türkmenhowaýollary” gullugy özüniň Pekine uçar gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrdy. Bu barada turkmen.news neşiri 29-njy ýanwarda habar berdi.
Kanadanyň hökümeti 2020-2021-nji okuw ýyly üçin dört ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin ‘scholarship’, ýagny doly tölegli okuw maksatnamasyny yglan etdi.
Türkmenistanda ýurduň Baş Kanunyna tas 8-nji gezek üýtgeşme girizmek üçin döredilen Konstitusion topar nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Mary şäherinde sanitar-gigiýena düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçilikler güýçlendirildi. Marynyň häkimiýetleri mekdeplerde, çagalar baglarynda we hassahanalarda ýüzärlik tütedip, daşary ýurtlarda peýda bolan howply wirusyň öňüni almaga synanyşýarlar.
Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçalarda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy ýumruldy. Häzirki wagt bu ýerde diňe 21-nji we 8-nji orta mekdepleriň binalary galdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Ukraina we ýene dört ýurda etjek sapary baradaky “National Public Radio” NPR-iň žurnalistini reportýorlar sanawyna goşmady.
Aşgabadyň etegindäki Gurtly obasynyň golaýynda bolan ýol heläkçiliginde üç adam öldi diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Ýene-de ýükle