Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Moskwanyň kafesinde Russiýanyň hökümet resmisini ýençmekde aýyplanýan iki futbolçy deslapky tussaghana iberildi.
Hukuk toparlary Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili we Ýewrokomissiýanyň wise-prezideti Federike Mogeriniň Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow bilen geçirmeli gepleşiginiň öňüsyrasynda, ýewropaly resmä açyk hat ýolladylar.
Ine taze ýylam ýetip gelýär. Hormatly arkadagymyzyň halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň nyşany hökmünde Halkyna hökman bir sowgady hem bardyr. Her ýyl bolşy ýaly täze ýylyň yz ýanynda hökman sowgatjyk gowşurmak, bilip galmak adaty däbe öwrülip barýar.
“Google” kompaniýasy hökümetleriň girizýän senzura usullaryndan goranmak üçin niýetlenen täze tilsimi synagdan geçirdi. “Intra” atly tilsimiň ulanyjynyň howpsuzlygyny üpjün edýändigi aýdylýar.
Türkmenistanda ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly – ýokary okuw jaýlaryna kabul edilip bilinýän raýatlara girizilen çäkler we para-berim sebäpli – müňlerçe uçurumyň türkmen ÝOJ-laryna girip bilmändigi aýdylýar.
Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy öňümizdäki ýyldan başlap, ýaňadandan Türkmenistandan gazy import edip başlar. Ýatlatsak, energiýa kärhanasy mundan üç ýyl ozal, baha dawalary sebäpli, türkmen gazyndan ýüz öwrüpdi.
Ukrainada bir harby gorhanada dörän partlamalar we çalt ýaýran ýangyn müňlerçe adamyň ewakuasiýa edilmegine getirip, Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bilen gowşak uruşda bolan ýurtda sabotaž şübheleriniň döremegine sebäp boldy.
Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän türkmenistanly studentleriň ýüzlerçesi ýurtdan goýberilmeýär.
Türkmenistanda agyr urgulara sezewar edilip, soňy bilen-de degişli medisina komegi berilmezden aradan çykan bir raýatyň ýakynlary, munuň bilen baglylykda geçirilen derňewiň we sud diňlenişiginiň dowamynda “düýpli” kanun bozmalaryň bolandygyny, şeýle-de merhuma “töhmet” atylandygyny öňe sürýärler.
Birleşen Milletler Guramasynyň 8-nji oktýabrda çykaran raportynda aýdylmagyna görä, dünýä jemgyýetçiligi global temperaturany göz öňünde tutulan derejesinden aşakda saklajak bolsa, “ozal görlüp-eşidilmedik özgerişleri” amala aşyrmaly.
Orsýetiň türme sistemasy ýurtda terrorçylyk aýyplamalary esasynda türmä basylan ukrain kinorežsissýory Oleh Sentsow bäş aýa golaý dowam eden açlygyny bes edendigini aýdýar. Ýöne bu maglumaty Sentsowyň adwokatlary heniz ne tassyklady ne-de inkär etdi.
Düýn Aşgabatda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy bilen bilelikde gurnaýan 12-nji halkara kitap sergi ýarmarkasy öz işine başlady.
Türkmenistanda zawoddan goýberilenine 10 ýyl dolan 8 adamlyk, hem-de 14 adamlyk “Gazelleriň” we “Hundaý” kysymly mikroawtobuslaryň ýola çykmagyna girizilen gadagançylyk güýje girdi.
Orsýetiň Harby akademiýasynda asylyp goýlan surat Angliýadaky ozalky içalynyň zäherlenmegine dahylly diýilýän rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýetiniň anyklanmagyndaky delilleriň üstüne urna boldy.
Prezident Donald Trampyň öz ýaranlaryny tankytlap, duşmanlaryny taryplamagy netijesinde Birleşen Ştatlaryň abraýy tutuş dünýäde üstümizdäki ýyl-da aşaklamagy dowam etdirdi. Global derejede geçirilen pikir soralyşygyň görkezmegine görä, köp ýurtlarda adamlaryň diňe Germaniýanyň we Fransiýanyň däl, eýsem Orsýetiň we Hytaýyň-da liderlerine ynam bildirmegi Trampa bolan ynamdan ýokary.
Sişenbe güni hukuk toparlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp protest çäresini geçirdiler.
Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň fonunda, ýurduň dürli künjeklerinde azyk gytçylygynyň dowam edýändigi we dükanlaryň öňündäki uzyn nobatlarda dawa-jenjelleriň hem ýüze çykýandygy barada täze maglumatlar gelip gowuşýar.
Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew onlarça ýyl bäri goňşy ýurt Gresiýa bilen dowam edip gelýän dawanyň soňuna çykmak üçin gelnen ylalaşygyň çäginde ýurduň adyny üýtgetmek baradaky tagallalaryny dowam etdirjekdigi aýtdy.
Öňki rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemezden öň, gözleg-aňtaw missiýasyny amala aşyran üçünji şübheli rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýeti ýurduň terrorizme garşy göreşýän polisiýasy we howpsuzlyk gulluklary tarapyndan anyklandy diýip, 27-nji sentýabrda “Telegraph” gazeti habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisinde eden çykyşynda ýurduň oba hojalyk ulgamynda bitirilýän işleriň netijelerinden nägile boldy. Ol obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurmakdan söz açyp, bu ugurda käbir teklipleri öňe sürdi.
Ýene-de ýükle