Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gyrgyzystanyň oppozisiýa syýasatçysy we prezidentlik wezipesine ozalky dalaşgär Omurbek Babanow özüniň Bişkekdäki telewizion kanalyna gulp urulmagy boýunça alnyp barylýan tagallalary “reýd bilen basyp almak” atlandyrdy.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň ençeme etraplarynda soňky birnäçe aýyň dowamynda, näbelli bir infeksiýa ýolugan onlarça hojalyk mallarynyň ölendigi dogrusynda maglumatlar gelip gowuşýar.
Türkmenistanyň prezidenti GurbangulyBerdimuhamedow 18-nji dekabrda geçiren iş maslahatynda paýtagtyň jemagat gulluklarynyň işinden nägilelik bildirip, ýyladyş, energiýa we gaz, suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegine gözegçilik etmegi ýene bir gezek talap etdi.
Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Çoganly şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky tapgyry ýumrulyp başlandy.
Daşoguzda býujet işgärleriniň köpçülikleýin ýagdaýda çekilmeginde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan kitabynyň esasynda, çeper film surata düşürilip başlandy.
Türkmenistanyň prezidenti ýurduň welaýatlarynyň we paýtagtyň häkimleri bilen geçiren nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Täze ýyl dabaralary dogrusynda hem durulyp geçildi.
Mary welaýatynda indi bir aýdan gowurak wagt bäri un gytçylygnyň dowam edýändigi barada maglumatlar bar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, etrap merkezine ýa Mary şäherine aýlanyp un gözläp ýörmäge oba ýaşaýjylarynyň wagty bolmaýar.
Eýranda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýowuz daralýan itleri we beýleki haýwanlary görkezýän wideolaryň sosial mediada giňden ýaýramagy, ýurtda seýrek duş gelinýän jemgyýetçilik protestleriň döremegine we haýwanlary gorag astyna alyp, olary gynaýanlary jezalandyrýan kanuna çagyryş edilmegine getirdi.
Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri amerikan prezidenti Donald Tramp şu gün 18-nji dekabrda etjek çykyşynda, täze howpsuzlyk strategiýasyny yglan edip, Hytaýy tankytlar diýýärler.
Kiýewiň merkezinde polisiýa gulluklary we protestçiler çaknyşýarlar. Ukrainanyň paýtagtynda köçä çykan birnäçe müň protestçi prezident Petro Poroşenkonyň sud edilmegini we ýurduň baş prokurorynyň wezipeden çekilmegini çagyryş etdiler.
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasynyň barha gymmatlaýan we olaryň käbir görnüşleriniň asla-da gytalýan döwründe, ýurtda "azyk bolçulygyny" üpjün etmek barada döwlet derejesinde gürrüň edilýär.
Pakistan resmileri ýurduň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde janyndan geçenleriň ybadathana eden hüjüminde azyndan ýedi adamyň öldürilendigini, 30 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.
Palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbasyň Fatah fraksiýasy 20-nji dekabrda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pensiň Iýerusalime sapar etmegine garşy “gahar” demonstrasiýasyny geçirmäge çagyrdy.
Türkmen häkimiýetleri tarapyndan kesgitlenen ýerlerde toplanan onlarça jandara açlykdan ölmek howpy abanýar diýip, aşgabatly janadar gorýajylar habar berýär.
CNN neşiriniň habar bermegine görä, 2014-nji ýylda döredilen Birleşen Arap Emirlikleriniň kosmos gullugynda uly üstünlikli işler amala aşyryldy. Dubaýda ýerleşýän edaranyň merkezinde häzir kosmos barasynda depginli işler alnyp barylýar.
Moskwanyň Zamoskworeskiý sudy Orsýetiň ozalky ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýewi Rosneftiň başlygy Igor Seçinden para almakda günäli tapyp, ony agyr şertlerde 8 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada “Radio Swobodanyň” habarçysy suduň zalyndan habar berýär.
Hazarýaka döwletleri Kaspi deňziniň hukuk durumyny kesgitlemek boýunça esasy meseleler barada ylalaşyga geldi. Bu ylalaşykTürkmenistanyň Hazaryň üstünden ýerwopa ýurtlaryna gaz ibermek planlarynyň öňündäki päsgelçilikleri azaldýar.
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý 14-nji dekabrda geçirjek metbugat ýygnagynda, Eýranyň öz halkara borçnamalaryny bozandygy dogrusynda “ýalana çykaryp bolmajak subutnamalary” jemgyýetçilige hödürlär diýip, ABŞ-nyň BMG-däki missiýasy aýtdy.
Iş taşlaýyş protest çäresine gatnaşýan käbir gazagystanly kömür magdançylary ýeriň üstüne çykmaga razy boldular, ýöne olaryň ýüzlerçesi aýlyklarynyň göterilmegini talap edip, ýerastynda galmagy dowam etdirýärler.
Parahat mikroraýonlar toplumyndaky ýarym ýerzeminlerde dükany bolan aşgabatlylaryň köpüsi 2018-nji ýylyň ýanwaryndan dükanlaryny ýapmak, kärendesine alan ýerzeminlerini yzyna tabşyrmak kararyna geldi.
Ýene-de ýükle