Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
“Bir ýyl gowrak wagtdan bäri Mary welaýatyň ähli etraplarynda elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşdy” diýip, Serhetabat şäherçesiniň ýaşaýjysy, 45 ýaşly Maksat aýdýar.
SRG-nyň başlygy ÝB-niň daşary syýasat wekili Federika Mogherinä hat ýazyp, ony ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynda adam hukuklarynyň we metbugat azatlygynyň ileri tutulmagyna basyş görkezmäge çagyrdy.
NATO-nyň goranmak ministrleriniň geçirýän duşuşyklarynyň ikinji gününde, ýagny 9-njy noýabrda Owganystanyň hökümetiniň “Talybana” garşy göreşine ýardam bermek maksady bilen guramanyň bu ýurtdaky goşunynyň sanyny 13 müňden 16 müňe çykarmak barada karar kabul etmegine garaşylýar.
“Uber” we “Lyft” kompaniýalary amerikaly konserwatiw Laura Loomeriň hasabyny petiklediler. Ony taksi hyzmatlaryny ulanmakdan mahrum etdiler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny ABŞ-yň niýetini synamazlyga çagyrdy we dünýäniň “ýadro betbagtçylygy bilen haýbat atýan ýakymsyz režime çydam edip bilmejegini” duýdurdy.
“The Guardian” gazetiniň ýazmagyna görä, 16 bölümden ybarat bolan "Babylon Berlin" atly teleserial dünýä möçberinde iň ýörgünli filme öwrülip biler.
7-nji noýabrda taryhda uly waka bolan "Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyň" amala aşan gününe 100 ýyl boldy. Köne hasap bilen 1917-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda bolan hökümet agdarylyşygy soňlugy bilen şeýle atlandyryldy hem ol biziň taryhymyza şeýle at bilen girdi.
Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň özüni we ýaranlaryny goramak üçin harby güýçden doly peýdalanmaga taýýardygyny aýdyp, Demirgazyk Koreýa duýduryş berdi.
Peýda bolan bimöçber maliýe dokumentleri Birleşen Ştatlaryň Söwda departamentiniň sekretary Wilbur Rossuň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adamlarynyň gözegçiligindäki bir kompaniýa bilen gatnaşyk saklan bir firmadaky maýa goýumlaryny äşgär edýär.
Aşgabat şäherinde günorta-gündogarlygyna uzap gidýän Ýunus Emre köçesiniň Parahat-7 etrapçasynyň çäginde ýerleşýän iki gatly kotež jaýlar ýumrulyp başlandy.
Türkmen hökümeti raýatlaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine nobatdaky çäklendirmeleri girizdi.
"Bu turizm pudagynda talabalaýyk üns berilmeýän bir ýagdaýdyr. Ilatynyň aglaba köplügi musulman bolan ýurtlaryň orta gatlagy ulalýar we olar gezelenje has köp pul sowýarlar. Olar dynç alyş we gezelenç üçin edilen harajatlar".
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp uçaryň bortunda özüniň Aziýa edýän 12 günlük saparynyň dowamynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga garaşýandygyny aýdansoň, Ýaponiýa bardy.
Ýene-de ýükle