Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkiýäniň esasy oppozision partiýasynyň başlygy aprel aýynda geçiriljek referendumda halk prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň ygtyýarlyklarynyň artdyrylmagyna garşy ses berer diýýär.
Türkmenistan ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin UNESCO guramasyna arza bilen ýüzlenmegi planlaşdyrýar.
Türkiýäniň daşary ýurtlardaky referendum kampaniýasy bilen baglylykda, Hollandiýanyň 11-nji martda türk daşary işler ministriniň uçarynyň ýurtda gonmagyna rugsat bermezligi netijesinde, NATO ýaranlary bolan Türkiýe bilen Hollandiýanyň arasyndaky diplomatik gapma-garşylyk ýitileşdi.
Gyrgyzystanda bikanun hereket edýän medreseleriň anyk sany belli däl. Ýurtda ýörite döredilen derňew topary golaýda paýtagt Bişkegiň bir etrabynda bikanun hereket edýän bäş medresäniň bardygyny anyklap, olary din işleri baradaky döwlet guramasyna bildiripdir.
Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Siriýadaky we Yrakdaky konflikti öz içine alýan meseleler, şeýle-de ykdysady we energetika gatnaşyklary hem-de terrorizme garşy göreş tagallalary barada maslahat etmek üçin, 10-njy martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýar.
Türkmenistanda birden, 8-nji mart baýramçylygyna gabat, «gahrymany dünýä beren ene siz» diýip, golaýda üçünji möhlete saýlanan prezidentiň ejesiniňkultunyň güýçlendirilip başlanandygy aýdylýar.
«Global Finance» neşiriniň maglumatyna görä, dünýäniň 189 ýurdunyň arasynda baýlyk we garyplyk boýunça geçirilen barlaglarda Gyrgyzystan 148-nji, Türkmenistan bolsa 73-nji orny alypdyr.
Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky bölümindäki hemişelik wekili Atageldi Haljanow raýat žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýewi "psihiki taýdan durnuksyz» adam hökmünde häsiýetlendirdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň aýal-gyzlaryny 8-nji mart baýramçylygy, Halkara aýallar güni bilen gutlady.
8-nji martda Owganystanyň paýtagty Kabuldaky harby keselhana ýaragly adamlaryň hüjüm etmegi netijesinde azyndan iki adam öldi we başga-da ençemesi ýaralandy.
Türkmenistan Ženewada, BMG-niň Adam hukuklary komitetinde BMG-nyň Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara pakty esasynda ikinji döwürleýin hasabatyny berýär.
Aşgabat şäherinde ýollaryň rekonstruksiýasy bilen bagly, soňky bir aýyň dowamynda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy juda ýaramazlaşdy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoew Türkmenistana saparynyň ikinji gününde Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň 18 ýaşyndaky gyzy, "Firdaws" moda öýüniň ýolbaşçysy Aýşat paýtagt Groznyda zenan geýimleriniň ilkinji sergisini gurnady.
Ukraina Moskwanyň ýurduň gündogarynda we Krym ýarym adasynda orsýetçi separatistleri goldamagyny togtatmak maksady bilen Gagadaky halkara kazyýetine ýüz tutdy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň 6-njy martda Aşgabatda geçirilen gepleşikleri ikiçäk görnüşde boldy.
Birleşen milletler guramasynyň Adam hukuklary komiteti 8-9-nji martda Türkmenistanyň raýat we syýasy hukuklar baradaky hasabatyny diňlär diýip, “Gündogar” saýty habar berýär.
Özbegistanyň tanymal adam hukuklary aktiwisti Daşkendiň psihiki keselhanasyndan weideoýazgy ýaýratdy, ol özüniň polisiýa tarapyndan alnyp gaçylandygyny we bu ýerde öz erkine garaman saklanylýandygyny aýdýar.
Moskwada, Orsýetiň kinematorafiýaçylarynyň Merkezi öýünde meşhur türkmen kinorežissýory, kinoperator, kinossenariçi we Türkmenistan SSR-niň halk artisti, aktýor Hojaguly Narlyýewyň 80 ýaş toýy bellenildi.
Ýene-de ýükle