Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Moskwada, Orsýetiň kinematorafiýaçylarynyň Merkezi öýünde meşhur türkmen kinorežissýory, kinoperator, kinossenariçi we Türkmenistan SSR-niň halk artisti, aktýor Hojaguly Narlyýewyň 80 ýaş toýy bellenildi.
2016-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýa Türkmenistany dünýewi, demokratik döwlet diýip jar edýän hem bolsa, ýurduň hökümeti awtoritar we prezident Gurbanguly Berdimuhemadow hem-de onuň ýakyn töweregi tarapyndan kontrollykda saklanylýar .
Gürjüstan ýerli suduň ýurduň iň uly garaşsyz telewizion stansiýasyny hökümetiň ýakyn ýaranynyň kontrollugyna salan kararyny togtatdy.
Gündiz çagalara fiziki sütem eden terbiýeçiler gije bolsa ol ýerde jelephana hyzmatyny ýola goýupdyrlar.
2016-njy ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasy döwründe Birleşen Ştatlardaky rus ilçisi bilen bolan gatnaşyklary sebäpli respublikanlaryň we demokratlaryň kanunçykaryjylary tarapyndan tankyt edilýän ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions kampaniýa bilen ilteşikli islendik derňewlerden özüni çetleşdirýändigini aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi türkmen häkimiýetlerini Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi tussaglykdan boşatmaga çagyrdy.
«Ata Meken» partiýasy ýykylan uçardaky ýükleriň prezident Almazbek Atambaýewe degişli bolandygyny we Tekebaýewiň bu baradaky subutnamany aşak basmak üçin nyşana alnandygyny aýdýar.
«Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proekti Türkmenistanyň döwlete degişli edaralarynyň ählisinde pensiýa ýaşyna ýeten adamlaryň köpçülikleýin işden boşadylýandygyny habar berýär.
Fransiýada barha golaýlaşýan prezidentlik saýlawy ýurtdaky musulmanlar üçin gaty çynlakaý aladalary döredip biler. Milletparaz taparyň ýolbaşçysy, aşa sagçy Mari Le Pen ilkinji pikir soralyşygyň netijelerine görä prezidentlik bäsleşinde öňde barýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XIII sammitinde çykyş etdi.
27-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň senaty, prezident Donald Tramp tarapyndan söwda sekretary diýlip teklip edilen Wilbur Rosi orsýetli oligarhlar bilen ilteşikli diýilmegine garamazdan tassyklady.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlar boýunça öňki bäsdeşini ýokary wezipä belledi.
Orsyýetiň prezidenti Wladimir Putin ýakyn geljekde Türkmenistana sapar eder diýlip Kremliň metbugat gullugyna salgylanmak bilen media serişdelerinde aýdylýar.
Adolf Gitleriň telefony geçirilen auksionda takymam 240 müň amerikan dollaryna satyldy. Milletparaz lideriň 1945-nji ýylda Berlindäki bir penahanasyndan tapylan şahsy telefony ABŞ-da ady bilinmeýän bir adama satylypdyr.
“Aý yşygy” filmi “La La Land” filmini yzda galdyryp, Oskar baýragyna mynasyp boldy. Daşary ýurt dillerindäki kategoriýada bolsa birinji bolup, Oskar baýragyny alan eýranly režissýor Asgar Farhadiniň “Satyjy” atly kinosy boldy.
Müňlerçe adam iki ýyl ozal öldürilen kreml tankytçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemsowyň hatyrasyny tutmak üçin Moskwa toplandy.
Orsýetli syýasy aktiwist Ildar Dadin türmeden boşadyldy. Orsýetiň Ýokary sudy birnäçe gün öň onuň garşysyna çykarylan hökümi ýatyrdy.
Gyrgyzystanyň öňdebaryjy oppozision syýasatçysy Ömürbek Tekebaýew Bişkek aeroportyna gelende, korrupsiýa aýyplamalary esasyndatussag edildi. Bu çäre onuň ýetip gelýän prezident saýlawlarynda kandidat bolmagynyň öňüni alyp biler.
Ýene-de ýükle