Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Hukuklaryň artdyrylmagyna we ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyryp geçirilen üýşmeleňlerde, howpsuzlyk işgärleri birnäçe sagadyň içinde ikinji gezek ara goşulyp, oppozisiýa we raýat hukuklary boýunça aktiwistlerden onlarça adamy tussag etdiler.
Türkmenistan smart, ýagny akylly telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar.
Moskwada ýüzlerçe migrant gyrgyzystanlylar tarapyndan döredilen autsorsing (outsourcing) kompaniýasyndan işlän zähmet hakyny alyp bilmeýär.
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny we kontrabanda ýollary bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak çäresi geçirildi.
Britaniýada Breksiti goldaýan Konserwatiw partiýa irki parlament saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu premýer-ministr Boris Jonsonyň (Boris Johnson) ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykarmak tagallalaryna uly mümkinçilik berdi.
Özbegistan ýurda gelýän turistleri hasaba almak düzgünini üýtgetmekçi. Täze düzgüniň 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girmegi mümkin.
9-njy dekabrda graždan aktiwistleri milli gymmatlyklar – edep-ahlagy, medeni diregleri gorap saklamaga çagyryş edip, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde «Белгилүү маршрут», ýagny «Bellenilen marşrut» atly çäre geçirdiler.
10-njy dekabrda Russiýanyň 2-nji Günbatar harby okrug sudy Peterburg metrosynda terror aktyny geçirmäge gatnaşanlar, olara maliýe kömegini berenler diýip, ondan gowak adama günä bildirdi. Olaryň köpüsiniň asly Gyrgyzystandan hem Özbegistandan.
2019-njy ýylda Hytaýyň hökümeti azyndan 48 žurnalisti türmä basdy, bu islendik beýleki ýurtdakydan has köpdür diýlip, 11-nji dekabrda ýaýradylan hasabatda aýdylýar.
Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon welaýatynda serhet gullugynyň ofiseri saklandy. Onuň garamagyndaky möhletli gulluk edýän esger özüni öldürmäge synanyşyk edipdir.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý şu ýylyň aýagyna çenli Ukrainanyň gündogarynda ok atyşyklary bes etmegi “doly we hemmetaraplaýyn berjaý etmek” boýunça ylalaşdylar diýlip, bilelikde ýaýradylan beýanatda aýdylýar.
Şwesiýanyň TV4 kommersiýa telekanaly hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bilelikdäki geçiren barlagy işe ýerleşmäge hukugy bolmadyk migrantlaryň Şwesiýada işe ýerleşip bilişleri bardaky nämälimligiň üstüni açdy.
Bütindünýä anti-doping agentligi WADA-nyň dolandyryjy komiteti derman barlaglary baradakylaboratoriýa synaglarynyň maglumatlaryny ýoýandygy sebäpli, Orsýete sportuň dürli görnüşleri boýunça dört ýyllap olimpiada ýaryşlaryna we düýnä çempionatlaryna gatnaşmagy gadagan etdi.
Täjigistanyň Hojant sebitiniň ýerli ýaşaýjysyna öz gyzyny zorlamakda şübhe bildirilýär. Derňew işi 19 ýaşly gyz arza berenden soň başlandy. Ol özüni kakasynyň zorlandygyny aýdýar.
Moskwa sudy meşhur rus bloggeri Ýegor Žukowy internetde ekstremizme meçew bermekde günäli tapyp, oňa üç ýyl şertli türme tussaglygy hökümini çykardy. Oňa garşy gozgalan jenaýat işi syýasy sebäpli diýlip ýazgaryldy.
Sowugyň başlanmagy bilen Siriýadaky El-Hol lageriniň çäginde gumanitar şertler ýaramazlaşdy. Ol ýer kürtlere degişli «Siriýanyň demokratik güýçleri» (SDF) toparynyň garamagynda.
NATO liderleri 29 agzaly harby ýaranlygyň 70 ýyl mundan ozal düýbüniň tutulmagyny bellemek maksady bilen iki günlük sammit üçin, Londona ýygnanýar.
Ýene-de ýükle