Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gazagystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy irki prezident saýlawlarynyň gutarnykly netijelerini yglan edip, wagtlaýyn prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň sesleriň aglaba köplügi bilen ýeňiş gazanandygyny tassyklady.
Gyrgyzystanda atalaryň diňe 11% çagalaryny terbiýelemekde maşgalasyna kömekleşýär. Bu maglumat 2018-nji ýylda Gyrgyzystanda çagalaryň hem eneleriň ýagdaýyny köptaraplaýyn öwrenýän barlaglar netijesinde anyklanyp, ÝUNISEF tarapyndan çap edildi.
Moldowanyň ýokary kazyýeti prezident Igor Dodony wagtlaýyn wezipeden boşadyp, onuň oruntutary parlamenti dargadyp, möhletinden öň saýlaw geçirilmeli edeninden soňra ýurt has beter syýasy krizise batdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda tatu çekýän ussalaryň yzarlanýandygy barada habar bereninden bir hepde soň, hökümetçi “ArzuwNews” neşiri tatuirowkanyň zyýanlary barada makala çap etdi. Bu makala 7-nji iýunda neşiriň websaýtynda ýerleşdirildi.
9-njy iýunda Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky resmi netijelerine görä, ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň seçen mirasdüşeri hem-de geçiş prezident Kasym-Žomart Tokaýew saýlawlarda ýeňiş gazandy.
Özbegistanyň prezidentiniň 10 ýaşly ogly Alişer Mirziýoýew we onuň iki giýewi, şeýle hem döwlet ýolbaşçysynyň agtygy Miromon Birleşen Arap emirliginiň wise-prezidenti hem premýer-ministri, Dubaýyň emiri Şeýh Muhammad bin Raşid al-Maktumyň 6-nji iýunda bellenýän toýuna gatnaşmaga gitdiler.
ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby serkerdesi olaýda bu sebitdäki amerikan harby güýçleri kuwwatlandyrylandan soň, Tähranyň Pars aýlagyndaky ABŞ güýçlerine hüjüm etmek meýlinden yza çekilendigini, emma Tährandan abanýan wehimiň “örän real” bolup galýandygyny aýdýar.
“D güni” diýlip bilinýän wakanyň 75-nji ýyldönüminde Günbatar liderleri Fransiýanyň Normandiýa şäherinde ýygnanyp, II Jahan urşunda ýaranlyk güýçleriň demirgazyk Fransiýa giren güni wepat bolanlary hatyralamak hem-de weteranlaryny sylaglamak çärelerine gatnaşdy.
28-nji maýda Andijanyň ýaşaýjysy, 35 ýaşly Hurşida Tillýaýewa bu ýagdaý bilen barlanyşykly nämeler bolandygy hakda, Azatlyga wideoýüzlenme ýollady.
27-nji aprelde Gyrgyzystanda zorlugyň pidasy bolanlaryň hatyra gününi geçirmek teklip edildi. Hatyra güni nämä gerek we zorluk näme?
Gazagystanyň dürli künjeklerinden gelen onlarça adam ýurduň häkimiýet başyndaky partiýasynyň baş edarasyna ýygnanyp, kazyýetiň özleri ýa ýakynlary baradaky nädogry kararlary hakda gürleşmek üçin wagtlaýyn prezidenti bilen duşuşmagy talap etdiler.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Amerikanyň “öňünden şert goýulmazdan” Eýran bilen gepleşik geçirmäge meýillidigini, ýöne oňa edilýän basyşyň dowam etdirjekdigini aýdýar.
Özbegistanyň hökümeti aýratyn awiareýs bilen Ýakyn Gündogardan özüniň 156 raýatyny getirdi. Daşkende getirilenleriň aglaba köplügi aýallar hem çagalar.
Saud patyşasy Salman arap liderleriniň Mekgede geçirilen adatdan daşary sammitinde halkara jemgyýetçiligini “Eýran režiminiň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagyny togtatmak üçin ähli çäräni” görmäge çagyrdy.
Täjigistanyň häkimiýetleri çilimiň ähli görnüşleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Tanymal rus intellektuallary we sowet döwrüniň dissidentleri “Gulag” zähmet lagerini derňeýän taryhçy Ýuriý Dmitriýewi goldamak maksady bilen geçirilen çärä gatnaşdylar. Dmitriýew perzentlige alan gyzyna jynsy hüjümi amala aşyrmakda aýyplanyp, sud öňüne çykarylýar.
Andijanyň 35 ýaşly ýaşaýjysy Hurşida Tillýaýewa Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Andijan oblastyna saparynyň öňüsyrasy ýerli telewideniýede çykyş edip, döwletden ýaşaýyş jaý alandygyny şatlykly mälim etdi.
Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Horasan atly lagerinde kyn şertlerde ýaşaýan içerki bosgunlara edilýän kömekler artdy.
2018-nji ýylda korrupsiýada günäli tapylmagyna protest bildirip beren şikaýaty ýurduň ýokary kazyýeti tarapyndan ret edileninden soň Rumyniýanyň häkimiýet başyndaky Sosial Demokrat (PSD) partiýasynyň ýolbaşçysy özüniň 3,5 ýyl möhletli türme tussaglygyna başlady.
Ýene-de ýükle