Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ýewropada geçen parlament saýlawlary esasy merkez-sag we merkez-sol partiýalaryň öz agalygyny ýitirip, daşky gurşawy goraýanlaryň, aşa sagçylaryň we biznes tarapdarlarynyň köp ses gazanmagy bilen Ýewropa Bileleşiginde syýasy ýagdaýlaryň üýtgändigini görkezýär.
ABŞ-nyň häkimiýetleri, Birleşen Ştatlara uly zyýan ýetmegine sebäp bolan müňlerçe gizlin dokumenti çap edendigini aýdyp, Wikileaksi esaslandyryjy Julian Assanja garşy täze jenaýat aýyplamasyny bildirdi.
Türkiýe köp sanly türkmenistanlylaryň okamak we iş gözleginde çykmak üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, türk metbugatynda Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlary barada habarlar yzygiderli peýda bolýar.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan ençeme kazyýetleriň öz kanunylygyny ýitirip, aşa köp kazylaryň özlerini öňki häkimiýetlere borçly saýýandygyna salgylanyp, ýurduň adalat ulgamyny düýpgöter reformirlemek boýunça çagyryş etdi.
Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlyklar dowam edýän häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo 14-nji maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Soçide gepleşik geçirer.
Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyry tamamlanandan soň, parahatçylyk gepleşikleri boýunça “has tiz özgerişiň” gerekdigini aýtdy.
Erdogan parlamentde öz partiýasynyň agzalary bilen geçen duşuşykda: “Biz bu karara problemalarymyzy demokratiýanyň we kanunyň çäginde çözmäge bolan islegimizi güýçlendirmek üçin, iň gowy ädim diýip garaýarys” diýdi.
Orsýetiň transport ministri Ýewgeniý Ditrih rus ýolagçy uçarynyň ot alyp, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda gyssagly gonmaly bolanyndan soňra, 41 adamyň heläk bolandygyny aýtdy.
Owganystanyň paýtagty Kabulda Loýa Jirga mejlisi – ýaşulularyň, dindar alymlaryň we tanymal owganlaryň däp bolan ýygnagy tamamlanyp, oňa gatnaşyjylar 18 ýyl bäri dowam edip gelýän konfliktiň soňlanmagyny golaýlatmak üçin, ok atyşyklaryň dessine bes edilmegine çagyrdylar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli, Wolodymyr Aleksandrowiç Zelenskiýe 1-nji maýda “tüýs ýürekden çykýan” gutlaglaryny iberdi.
Gazak aktiwisti möhletinden öň iýun aýynda geçiriljek saýlaw sebäpli dartgynly ýagdaýy başdan geçirýän ýurduň berk kontrollyk astyndaky şäheri Almatyda pyýadalar üçin niýetlenen köprüde konstitusiýa salgylanylýan uly plakaty asany üçin, bäş gün türme tussaglygyna höküm edildi.
“Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň lideri bäş ýylyň içinde ilkinji gezek wideoda peýda boldy.
2018-nji ýylda Ukraina, şeýle-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ençeme ýurtlary, aglaba ýagdaýda Russiýadan abanyp biljek howplara jogap hökmünde, özleriniň goranmak pudagyna goýberýän harajatlaryny göz-görtele artdyrdylar diýip, degişlilikdäki öňdebaryjy ylmy-barlag instituty maglumat berýär.
ÝHHG we BMG-däki Günbatar ýurtlary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalaryň ýaşaýjylaryna Russiýanyň raýatlygyny bermek prosesini ýeňilleşdirmek kararyny tankyt etdiler.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygyndan bir gün öň, otluda Russiýanyň Uzak Gündogar regionynda ýerleşýän port şäheri Wladiwostoga bardy.
Gazagystanyň häkimiýet başyndaky “Nur Otan” partiýasy wagtlaýyn prezident Kasym Žomart Tokaýewi prezidentlige kandidat bellemek bilen onuň möhletinden öň 9-njy iýunda geçjek saýlawda ýeňiş gazanmagyny iş ýüzünde kepillendirdi.
Ukrainada geçen prezident saýlawynda berlen sesler sanalyp tamamlanyp gelýärkä, telewideniýe wäşisi we syýasata ýaňy goşulan Wolodimir Zelenskiý sesleriň uly bölegini almak bilen häkimiýet başyndaky prezident Petro Poroşenkony ýeňene meňzedi.
Ýene-de ýükle