Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Meşhur aýdymçy Mahsun Kyrmyzygülüň ejesiniň 275 müň amerikan dollaryna barabar bolan zatlaryny ogurlandygy güman edilýän türkmen migrantlary ele salyndy.
ABŞ-da ýüzlerçe protestçi prezident Donald Trampyň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary derňeýän ýörite geňeşiň goralmagyny sorap, ýöriş geçirdiler.
Ýerli häkimiýetlere ýakyn çeşmeler 8-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojand şäheriniň türmesinde gije bolan gozgalaňda azyndan 22 tussagyň, şol sanda iki sakçynyň öldürilendigini habar berdi.
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginde pagta plany dolunmandygy sebäpli kärendeçileriň körekleri eli bilen ýygnamaga mejbur edilýändigi habar berilýär.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 2-nji orta mekdepde ene-atalar bilen geçirilen ýörite ýygnakda, olara çagalaryny döwletiň çärelerine talabalaýyk gatnaşdyrmagy we sosial mediada ýaýradýan tertip-düzgüne gabat gelmeýän materiallaryny çäklendirmegi islenýär.
Amerikanlar häzir “aralyk saýlawlary” diýip atlandyrylan ses berişlige taýýarlanýarlar. Bir nesliň ömrüniň dowamynda geçen iň gazaply dalaş bolan bu ses berişlikde ele geçirmäge synanyşylýan Birleşen Ştatlaryň kongrsine kontrollyk.
Türkmenistan 1 milliondan tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygyny aýdýar.
Birleşen Ştatlaryň Eýranyň energiýa, gämi gatnawy, gämi gurluşygy we maliýe sektoryna garşy gönükdirilen we prezident Donald Tramp tarapyndan “iň güýçli” diýip atlandyrylan täze sanksiýalary güýje girdi.
Pakistanda aşa yslamçylar 2-nji noýabrda ýurduň iri şäherlerinde köçeleri böwetläp, Hudaýa şek ýetirmekde aýyplanýan bir hristiýan aýalyň aklanmagyna garşy geçirýän protestlerini üçünji günde-de dowam etdirdiler. Agzalýan zenan ölüm jezasyna höküm edilipdi.
Aşgabatda başlanan Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda täjik türgenleri çykyş etmezler.
Russiýa Ukrainanyň 322 raýatyna we belli telekeçileriniň 68 kärhanasyna garşy maliýe sanksiýalaryny girizdi.
Hasabat döwründe Özbegistanda internet azatlygynyň ýagdaýy gowulanypdyr. Freedom House Özbegistanda häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýew geçenden soň, onuň ýurdy daşary açmak ugrunda tagalla edip başlandygyna hem ünsi çekdi.
Açyk meýdandaky hem-de ýapyk jaýlardaky zäherli howanyň täsiri netijesinde her ýyl 15 ýaşyna ýetmedik çagalaryň 600 müň sanysy heläk bolýar diýip, 29-njy oktýabrda Bütindünýä Saglyk guramasy (BSG) habar berdi.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň harby güýçleriniň we Günbataryň harby ýaranlygynyň ikisi hem bir wagtda, ýagny şu hepde Norwegiýanyň kenaryndaky suwlarda harby-tälim türgenleşigini geçirýän mahaly, Russiýanyň özüni “professional” alyp barmagyna garaşýandygyny aýdýar.
Günbataryň harby ýaranlygynyň Sowuk uruş tamamlanaly bäri iň uly harby türgenleşigini geçirýän häzirki wagtda Orsýet Norwegiýanyň kenarlarynda raketa synaglaryny geçirmegi planlaşdyrýar diýip, Norwegiýanyň hem-de NATO-nyň resmileri aýdýarlar.
Gürjüstanda barýan perzident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Sebäbi Fransiýada doglan öňki daşary işler ministri Salome Zurabişwili, birinji tapgyrda gazanan sesleri az-kem ýokary bolsa-da, iň ýakyn bäsdeşi bilen güýç synanyşmazlyk üçin ýeterlik ses alyp bilmedi.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny Eýrandaky türkmenleriň neşirýat aladalaryna we problemalaryna gönükdirýär.
Gürji ses berijileri prezidentlik saýlawlarynda ses berýärler.
Russiýada tussaglykda saklanýan ukrain kino-režisýory Oleh Sentsow pikir azatlygy üçin berilýän abraýly Saharow baýragy bilen sylaglandy.
NATO Sowet Soýuzy dargaly bäri özüniň iň giň gerimli harby-türgenleşik çäresini geçirýär.
Ýene-de ýükle