Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton Moskwada Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirýär.
Türkmenistanyň prezidenti Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde beýleki resmiler bilen birlikde, olara durmuşyň hilini gowulandyrmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Owganystanda 20-nji we 21-nji oktýabrda ýurtda mejlis saýlawlary geçirilýär. Türkmenleriň halk wekilligine dalaşgärleri hem bu saýlawda bäsleşýärler.
Waşingtonyň Sowuk Urşy döwrüniň Russiýa bilen baglaşylan ýaraglary kontrol etmek ylalaşygyndan çykmak planlary “örän howply ädim bolar” diýip, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti rektorlary ýygnap, ýurduň agyr ykdysady krizisi we maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän döwri, durmuşyň hilini gowulandyrmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Owganystanda uzak wagtlap yza süýşürilen parlament saýlawlary başlandy. Şol bir wagtda, ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynda tehniki meseleleriň we gazaplylygyň ýüze çykandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda täsirli polisiýa komandiriniň öldürilmeginiň yz ýany, 20-nji oktýabrda geçirilmegi planlaşdyrylan parlament saýlawlary bir hepde soňa goýulýar diýip, owgan prezidentiniň metbugat wekili mälim etdi.
Garyşyk söweş tärleri boýunça meşhur türgen Habib Nurmagamedowyň kakasy, belli tälimçi Abdulmanap Nurmagamedow Türkmenistany özüniň ikinji Watany atlandyrdy.
Alymlar ene-atalaryň ertekileri nähili äheňde ýa-da nähili ýagdaýda okan halatynda çagalaryň ukyplarynyň has kämilleşmegine peýdaly bolýandygyna göz ýetirmäge synanyşypdyrlar.
Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasynyň kollejleriniň birinde dörän ok atyşlykda 20 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.
Krymyň Kerç şäherinde partlamanyň ýüze çykandygy, şeýle-de 10 töweregi adamyň heläk bolan bolmagynyň mümkindigi barada gözli şaýatlardan we rus habar serişdelerinden maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistanda häkimiýetleriň paýtagty eýesiz ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleri üýtgewsiz dowam edýär. Bu barada Azatlygyň aşgabatly habarçysy maglumat berýär.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinianyň parlamenti dargadyp, üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli täze saýlawlary geçirmek maksady bilen 16-njy oktýabrda wezipesinden çekilmegine garaşylýar.
14-15-nji oktýabrda Täjigistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine 350-den gowrak sungat işgäri gatnaşdy. Medeniýet günlerinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň wasp edilmegi bu ýere baran täjik tomaşaçylaryny geň galdyrdy.
Amerikan prezidenti Donald Tramp telewideniýede görkezilen bir söhbetdeşlikde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putininiň adamlaryň öldürilmeginde eliniň bar bolmagynyň “ähtimaldygyna” özüniň ynanýandygyny aýdyp, Moskwa Birleşen Ştatlaryň syýasatyna garyşdy diýýänlerini ýene-de gaýtalady.
Orsýetiň Inguşetiýa regionynyň lideri prezident Wladimir Putiniň özüne Çeçenistan bilen aradaky serhedi täzeden çyzmak bilen bagly ylalaşyga garşy geçirilýän protestleriň güýç bilen basylyp ýatyrylmaly däldigini berk tabşyrandygyny mälim etdi.
Şu günler Lebap welaýatynyň mekdeplerinde okuwdan galýan, mekdebe gatnamaýan okuwçylaryň sany köpelýär. Käte hepdeläp okuwa barmaýan okuwçylaryň köpüsi öý hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar ýa-da pagta meýdanlaryna çykýarlar diýip, bu welaýatdaky habarçymyz aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny Türkiýedäki migrant maşgalalarynyň islegleri esasynda dokumentsiz türkmen çagalarynyň problemalaryna gönükdirýäris.
Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny hökümete garşy protestleri gurnamakda aýyplanyp, 50 gün türme tussaglygynda oturanyndan soň azatlyga çykdy.
Türkmenistanyň prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýene bir gezek ýurt resmileriniň hasabatlaryny diňledi.
Ýene-de ýükle